Marokko orta asyr mähellelerini abatlamak üçin 800 million dollar sarp etdi

Marokko orta asyr mähellelerini abatlamak üçin 800 million dollar sarp etdi

Marokkonyň hökümeti Patyşalygyň dürli şäherlerinde orta asyr mähellelerini medineleri abatlamak üçin 800 million dollardan gowrak serişde sarp etdi.

Bu barada ýurduň hökümet başlygy Aziz Ahennuş Parlamentiň Wekiller palatasynda eden çykyşynda habar berdi diýip, L'Opinion neşirine salgylanýan Report ýazýar.

Ahennuş gadymy medineleriň Patyşalygyň maddy we gumanitar mirasydygyny nygtady. Hökümet şeýle-de gadymy galalary we berkitmeleri dikeldiş we abadanlaşdyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirýär.

Medineler, gadymy galalar we berkitmeler daşary ýurtly jahankeşdeleriň arasynda meşhur bolmak bilen, olaryň Marokkoda höwes bilen barýan ýerleridir. ýurduň Marrakeş, Meknes, Rabat, Tetuan, Fes we Es-Suweýra şäherlerindäki meşhur gadymy mähelleler ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Halkara olimpiadalar üstünlikleriň batly gadamy
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Parižde Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy atly halkara maslahat geçirildi
Ilki Kameruny, soňra Nigeriýany ýaryşdan çykardy
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy