Marokko Türkmenistanyň Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

Marokko Türkmenistanyň Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

Marokko Patyşalygy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşulandygyny habar berdi. Toparyň nobatdaky 3-nji ýygnagynyň 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki diplomatik gullugy habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň aprel aýynda Nikaragua Respublikasy hem bu topara goşuldy.

2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda BMG-a agza döwletleriň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyny döretmek we onuň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi. Şol wagt bu topara 11 döwletiň goşulýandygy hasaba alnypdy.

Bu topar, BMG-ä agza döwletleriň resmi däl birleşmesi bolup, durnukly ulag ulgamynyň ähmiýetine düşünmekligi, dünýä, sebit we milli derejede bu ugurdaky pikirleri hem-de öňdebaryjy tejribäni paýlaşmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna täze agzalar goşuldy
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
Fidan: "Türkiye Ysraýyla garşy gozgalan genosid bilen bagly kazyýet işine goşular" diýdi
Çeşme: Geçen hepde Türkiýeden müňe golaý türkmenistanly yzyna getirildi
Maşgala hakyndaky kanunçylygyňhukuk esaslary
Dünýäniň syýahatçylyk künjekleri