Wenesuelada Ugo Çawes aradan çykmagynyň 10-njy ýylynda hatyralandy

Paýtagt Karakas şäheri başda bolmak bilen ýurduň ençeme şäherinde, Wenesuelanyň Birleşik sosialist partiýasynyň ýolbaşçylygynda Ugo Çawesi hatyralama ýörişi geçirildi.

Ugo Çawesiň Harby taryh muzeýinde ýerleşýän mawzoleýine gül desseleri goýuldy, hormatly dymyşlyk edildi.

Twitter hasabyndan beýanat beren Döwlet baştutany Nikolas Maduro, Ugo Çawesiň halkynyň ýüreginde we ruhunda ýaşaýandygyny belläp: "Sen tükenmez söýgiň bilen bize ýol görkezýärsiň we hemişe görkezersiň" diýip belledi.

Karakasdaky hatyralama çäresine Boliwiýanyň Döwlet baştutany Luis Arse, Nikaraguanyň Döwlet baştutany Daniel Ortega, Kubanyň ozalky Döwlet baştutany Raul Kastro, Boliwiýanyň ozalky Döwlet baştutany Ewo Morales, Ekwadoryň ozalky Prezidenti Rafael Korrea we Gondurasyň ozalky Prezidenti Manuel Zelaýa gatnaşdy.

Boliwiýanyň ozalky Döwlet baştutany Ewo Morales duşmana garşy jebis bolmagyň gerekdigini beýan etdi.

Ekwadoryň ozalky Prezidenti Rafael Korrea bolsa Ugo Çawesiň açan umydynyň hiç wagt sönmejekdigini belledi.

Wenesuelany 14 ýyl dolandyran Ugo Çawes, 2013-nji ýylyň 5-nji martynda 58 ýaşynda aradan çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar