Marsyň topragynda ösüp biljek ösümlikler anyklandy

Marsyň topragynda ösüp biljek ösümlikler anyklandy

ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň uniwersitetiniň mikrobiologlary birgiden oba hojalyk ekinlerini öwrenip, olaryň arasyndan Mars planetasynda ösdürip boljaklaryny kesgitlediler diýip, Plos One neşiri habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Şunlukda, Marsyň topragynda ösdürmek üçin iň amatly ösümlik hökmünde ýorunja görkezildi. Ýorunja mars topragyna meňzeş bolan ýanardag topragynda hem ösmäge ukyply bolup çykdy.

Gyzyl planetanyň topragy ýanardag bazaltyndan durýar, ol iýmitlik jisimlere juda garypdyr we çyglylygy ýaramaz saklaýar. Synag döwründe şalgamyň we ýorunjanyň tohumy ekildi, ilkinji ösümlik gögermedi, emma ýorunja ýaşamaga ukyply bolup çykdy.

Soňra alymlar ýorunjadan beýleki ösümlikler üçin dökün ýasamagy başardylar, ol beýleki ösümlikleri-de Marsda ýetişdirmäge mümkinçilik berer. Täze ýorunja döküni bilen iýmitlendirilenden soň ol ösümlikleriň hasyllylygy 311 göterim ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
“Amazon” “Palm Checkout” ulgamyny işe girizdi
“Troýa” filminiň režissýory aradan çykdy
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Apple geljekki VR-gurluşlary üçin Reality haryt nyşanlaryna patent alar
Kino sungatynyň ägirdi, meşhur režissýor aradan çykdy