Mart soňky hepde: eksport geleşikleri $71 milliona golaýlady

Mart soňky hepde: eksport geleşikleri $71 milliona golaýlady

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 70 million 944 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny, karbamidi, tehniki kükürt kislotasyny, “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine 100 göterim pagtadan öndürilen ranfors, nah ýüplük, aşgarlanmadyk nah ýüplük, ýorgan-düşek toplumlary ýerlenildi.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 42 million 79 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nah ýüplügi, el halylaryny, buýan köküniň goýaldylan erginini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi
Ýewropa Bileleşiginiň ilaty 450 milliona golaýlady
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Dokmaçylar medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi