Ýewropa Bileleşiginiň ilaty 450 milliona golaýlady

Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň jemi ilatynyň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, 449,2 million bolandygy mälim etdi. Ýewropa statistika edarasyny (Eurostat) sebitiň ilatynyň geçen ýylyň başynda 447,6 milliondygyny mälim etdi. 83,4 million ýaşaýjysy bolan Germaniýa Ýewropanyň iň köp ilatly ýurdy boldy.

Fransiýanyň 68,4 million, Italiýanyň 59 million, Ispaniýanyň 48,6 million, Polşanyň 36,6 million, Rumyniýanyň 19 million, Niderlandlaryň 17,9 million we Belgiýanyň 11,8 million ilaty bar. Ýewropa Bileleşiginde iň az ilatly ýurtlary bolsa, Malta (563 müň) we Lýuksemburg (672 müň) boldy.

Ilatyň artmagynda “Covid-19” pandemiýasynyň yzda galmagy hem-de sebitde emele gelen ýagdaýlar sebäpli migrantlaryň göçüp barmagy bilen baglydygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Coca-Cola kärhanasy käbir önümleriniň yzyna ugradylmagyny isledi
Geçen Ýyl 96 Ýurda Fystyk Eksport Edildi