Martin Skorzese Berlin kinofestiwalynyň Altyn aýy hormat sylagyna mynasyp boldy

Martin Skorzese Berlin kinofestiwalynyň Altyn aýy hormat sylagyna mynasyp boldy

Öňdäki ýylda 74-nji gezek geçiriljek Berlin halkara kinofestiwalynyň hormatly Altyn aýy baýragynyň eýesi diýlip, režissýor, ssenariçi we prodýuser Martin Skorzese yglan edildi. Bu barada festiwalyň guramaçylyk toparyna salgylanýan Interfax.ru ýazýar.

Guramaçylar Skorzesäniň soňky Gülli Aýyň ganhorlary filminiň onuň iň şowly kino eserleriniň biridigini belleýärler.

Režissýoryň sylaglanyş dabarasy 2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda bolar.

Martin Skorzese 70-den gowrak filmi surata düşürdi, olaryň arasynda Taksiçi, Guduz öküz, Awiator we Irlandiýaly ýaly meşhur filmler bar.

1951-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Berlin kinofestiwaly dünýäde iň abraýly kinoşüweleňleriň biri hasaplanýar. Onuň baş baýragy Altyn aýy. Geljek ýyl festiwal 15-25-nji fewral aralygynda geçer.

Ýene degişli makalalar

Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Aşgabatda Arap gijesi şüweleňli tomaşasy ýene-de öz muşdaklaryna garaşýar
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar
Wudi Allen kinodan gitmeginiň sebäbini gürrüň berdi
Şwarsenegger Ýyrtyjynyň täze bölüminde surata düşer
AZERBAÝJANDA MAGTYMGULY PYRAGA BAGYŞLANAN TÄZE TÜRKMEN FILMI SURATA DÜŞÜRILER