
Amerikaly režissýor Wudi Allen kinodaky işini bes etmeginiň sebäpleriniň biri barada gürrüň berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Allen özüniň hiç wagt hem Golliwudyň bir bölegi bolmandygyny, şonuň üçin öz filmlerini surata düşürmekde maliýe serişdelerini gözlemeli bolandygyny gürrüň berdi. Režissýor soňky döwürde munuň has kyn düşýändigini nygtady.
Beýik ýaňsy filmi meniň kärimde iň soňky işim bolsa gerek, men öz taslamalarym üçin maliýe serişdesini gözläp ýadadym diýip, ol aýtdy.
Allen geçen ýyl kinodaky işini bes etmekçidigini habar berdi, ol muny kinodaky işinden lezzet almaýandygy bilen düşündirdi.
Režissýor intellektual komediýa filmlerini dörediji hökmünde meşhurlyk gazandy. Ol režissýorlyk işi we iň oňat ssenarileri üçin dört gezek Oskar baýragyny aldy.