Wudi Allen kinodaky işini tamamlamak barada pikirlenýändigini habar berdi

Wudi Allen kinodaky işini tamamlamak barada pikirlenýändigini habar berdi

Meşhur amerikan režissýory Wudi Allen özüniň soňky filmini surata alyp tamamlandan soňra kinematografdaky işini tamamlamak barada oýlanýandygyny habar berdi. Bu barada Reuters habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

86 ýaşly režissýoryň sözlerine görä, ol güýzde Parižde özüniň iň ahyrky kinosyny surata düşürmäge girişmekçidigini, ondan soňra kinokarýerasyny jemlemek barada çynlakaý oýlanmakçydygyny nygtady. Ol pensiýa çykmak isleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýiti duýgular terk etdi. Öň men film surata düşürenimde, ol bütin ýurduň kinoteatrlarynda görkezilerdi. Indi bolsa, surata alan filmiň iki ýa-da dört hepde kinoteatrlarda gidýär, soňra bolsa internetde görkezilip başlanýar diýen kino ussady bu ýagdaýdan nägiledigini aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, Wudi Alleniň şu ýylyň başynda ekranlara çykan Rifkiniň festiwaly (Фестиваль Рифкина) atly soňky kino eseri iň pes badalga alan filmi boldy. Ol Alleniň 49-njy işi bolmak bilen, bary-ýogy 26 kinozalda görkezildi.

Allen şahyrana-filosofiki kinonyň ussady hasaplanýar. Dünýä kinosynyň ýyldyzlary onuň filmlerine surata düşmegi özlerine bagt saýýarlar.

Ýene degişli makalalar

Wudi Allen kinodan gitmeginiň sebäbini gürrüň berdi
Ussatlar ýanyňdaka öwren!
Forest Uitakere Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasy” gowşurylar
Režissýor Wudi Allen pensiýa gitmek pikirinden dändi
Meşhur fransuz aktýor Alen Delon aradan çykdy
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar