Mary welaýatynda Hindistanyň medeniýet günleri geçiriler we Aşgabadyň teatrlarynda sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişi bolar

Mary welaýatynda Hindistanyň medeniýet günleri geçiriler we Aşgabadyň teatrlarynda sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişi bolar

Dynç alyş günleriniň medeni çäreleriniň maksatnamasy dürli wakalara baý bolar.Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Mary şäherinde gadymy däp-dessurlary, dini gymmatlyklary, şeýle hem ululara sarpa goýmak, maşgala mukaddesligi we myhmansöýerlik ýaly medeni köpdürlüligi özünde jemleýän Hindistanyň baý medeniýeti bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen çäreler toplumyny guraýar. 20-nji fewralda sagat 16:30-da Belent söwda merkezinde hindi kinosynyň festiwalynyň açylyş dabarasy bolar. 20-nji fewralda sagat 18:00-da Mary myhmanhanasynda Hindistanyň ştatlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan çäre geçiriler. 21-nji fewralda sagat 09:00-da Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebinde ýoga boýunça ýöriteleşdirilen okuw geçiriler.

Aşgabadyň teatrlary we konsert zallary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny dynç alyş günlerinde meşhur eserler esasynda sahnalaşdyrylan sahna oýunlar we sazly çykyşlar bilen medeni dünýäsini baýlaşdyrmaga çagyrýarlar. 21-nji fewralda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmen kinosynyň altyn owazlary atly konsert bolar.

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde milli kinematografiýanyň nusgawy eserine öwrülen sazlar ýaňlanar.Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 20.02.2026: Gülki agşamy 19:00; 21.02.2026: Yşgyň gämisi 19:00; 22.02.2026: Tumar şa (Ilkinji görkezilişi) 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry: 21.02.2026: Öýlenmek 19:00; 22.02.2026: Körpe gelin 19:00.Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry: 20.02.2026: Gyzyl alma 19:00; 21.02.2026: Mähriban dideler 19:00; 22.02.2026: Yşk mekany Hindistan 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry: 21.02.2026: Раз и два 12:00; 21.02.2026: Кукольный дом (Ilkinji görkezilişi) 19:00; 22.02.2026: Золушка 11:00; 13:00; 22.02.2026: Мадам 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry: 21.02.2026: Hindi hekaýasy 19:00; 22.02.2026: Saňa ýalan, maňa çyn 19:00.Türkmen döwlet gurjak teatry: 21.02.2026: Dostlar 17:00; 21.02.2026: Jüýteniň toýy 19:00; 22.02.2026: Maşa we aýy 12:00; 17:00; 22.02.2026: Aşyklar 19:00.

Ýene degişli makalalar

Medeni çäreleriň bildirişi: sergiler, konsertler we sahna oýunlar
Aşgabatda G.Ibseniň eseriniň ilkinji görkezilişi, Mary welaýatynyň teatrynyň göçme çykyşlary we ganatly bedewleri wasp edýän eserleriň sergisi bolar
Ýurdumyzyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk—dost-doganlyk binýady atly hepdelik geçiriler
23-25-nji ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
ZENAN KEŞBI TEATR SUNGATYNDA
2026-njy ýylyň 20-23-nji marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary