Medeni çäreleriň bildirişi: sergiler, konsertler we sahna oýunlar

Medeni çäreleriň bildirişi: sergiler, konsertler we sahna oýunlar

Golaýlap gelýän dynç alyş günleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin dürli medeni çäreler geçiriler. Şäherimiziň muzeýleri, konsert zallary we teatrlary ähli gyzyklanma bildirýänleri maşgala bolup dynç almaga çagyrýar.Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Oraz Agabaýewiň sergisi guralýar.

Sergide suratkeşiň döredijilik ýolunyň dürli ýyllarynda döreden grafiki işleri görkezilýär.Sergi 7-nji aprele çenli dowam eder we giriş tölegsizdir. 5-nji aprelde sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Soundtracks live atly konsert bolar.

Onda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan meşhur kinofilmleriň sazlary ýerine ýetiriler.Dynç alyş günleriniň medeni çäreleriniň üstüni paýtagtymyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna eserleri doldurar.Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 05.04.2026: Hindi rowaýaty 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry: 04.04.2026: Körpe gelin 19:00; 05.04.2026: Päk söýginiň güýji 19:00.Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry: 04.04.2026: Oýun bir maza iki 19:00; 05.04.2026: Gumly gelin 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry: 04.04.2026: Аладдин и волшебная лампа 12:00; 04.04.2026: Мадам 19:00; 05.04.2026: Золушка 11:00; 13:00; 05.04.2026: Кукольный дом 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry: 04.04.2026: Hindi hekaýasy 19:00; 05.04.2026: Saňa ýalan, maňa çyn 19:00.Türkmen döwlet gurjak teatry: 04.04.2026: Dostlar 17:00; 04.04.2026: Çagaly öý bazar 19:00; 05.04.2026: Altyn jüýje 12:00; 17:00; 05.04.2026: Çagaly öý bazar 19:00.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Mary welaýatynda Hindistanyň medeniýet günleri geçiriler we Aşgabadyň teatrlarynda sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişi bolar
Aşgabatda G.Ibseniň eseriniň ilkinji görkezilişi, Mary welaýatynyň teatrynyň göçme çykyşlary we ganatly bedewleri wasp edýän eserleriň sergisi bolar
Ýurdumyzyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk—dost-doganlyk binýady atly hepdelik geçiriler
23-25-nji ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
ZENAN KEŞBI TEATR SUNGATYNDA