Mary welaýatyndaky täze ýyladyşhanada gelinkömelekleriň ilkinji hasyly alyndy

Mary welaýatyndaky täze ýyladyşhanada gelinkömelekleriň ilkinji hasyly alyndy

Ter kömelek hojalyk jemgyýetiniň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda geçen ýyl işe girizilen kömelek ýyladyşhanasynda gelinkömelekleriň ilkinji hasyly ýygnaldy. Bu barada şu gün Нейтральный Туркменистан gazeti habar berdi.

Ter kömelek hojalyk jemgyýetiniň kömelek ýyladyşhanasy 482 inedördül metr meýdanda ýerleşip, häzirki wagtda bu ýyladyşhananyň 150 inedördül metrinde gelinkömelegiň bol hasyly ýetişdirildi.

Kömelek ösdürip ýetişdirilende innowasiýa tehnologiýalary ulanylýar, oba hojalygynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly kompost taýýarlanýar.

Ter kömelek hojalyk jemgyýeti kömelek ýyladyşhanasynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaklyk maksady bilen täze görnüşli organiki dökünleri öndürmegi meýilleşdirýär.

Tohumlary ekilen gelinkömelekler 60 günde ösüp ýetişýär, şondan soň bolsa hasyl ýygnalýar.

Ýene degişli makalalar

Galla, Däne, Ýagly Tohumlar we Önümleri Pudagynyň Eksporty Ýokarlady
Türkiýeden 93 Ýurda Tohum Eksport Edilýär
Maryly býujet işgärlerinden döwletiň ýeralma borçnamasy üçin pul tabşyrmak talap edilýär
Kamalwandi: Ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýurduň zerurlygynyň özenidir
Dünýäniň iň uly tohum ammary
Bedewlerimiz toýlarymyzyň bezegi