Mary welaýatynyň daýhanlary döwletiň satyn alyş nyrhynyň has arzan bolmagyndan howatyrlanyp, şugundyry bazarlarda satýarlar

Mary welaýatynyň daýhanlary döwletiň satyn alyş nyrhynyň has arzan bolmagyndan howatyrlanyp, şugundyry bazarlarda satýarlar

Türkmenistanda şugundyr hasylyny ýygnamak möwsümi başlandy. Ol Mary welaýatynyň Baýramali, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge we Murgap etraplarynda ýetişdirilýär.

Baýramali etrabynyň “Erikli” dayhan birleşiginiň bir ýaşaýjysynyň sözlerine görä, mart aýynda şugundyr ekişi başlamazdan owal şeker zawodynyň sehleriniň bir ýolbaşçysy we tehnology gelip, ministlrigiň hasyl kabul edilen döwürde kesgitlän nyrhy boýunça hak tölenjekdigini habar berdiler.

Emma, adamlara henize çenli zawodyň satyn aljak nyrhy barada habar berilmedi. Şonuň bilen ilteşikli käbir daýhanlar döwletiň satyn alyş nyrhynyň örän arzan boljakdygyndan (bu owalam bolupdy) howatyrlanyp, şeker şugundyryny bazarlarda şol sanda, maldarlara iým üçin satmaga başladylar. Käbirleri şugundyrdan şerbet we mürepbe taýýarlap satýarlar.

Dayhanlaryň hasaplamagyna görä, hatda,bahalary bilmezden şeýle söwda özleri üçin girdejili. Köpler geljek ýyl şugundyr ekmekden ýüz öwürjekdiklerini belleýärler.

Kärendeçilere şugundyr tohumyny şeker zawody berdi we ol tehnika üçinem çykdajynyň ýarysyny töledi. Şugundyra dökün bermek we ony suwarmak kärendeçileriň hasabyna.

Munuň üçin daýhanlar şugundyryny zawoda tabşyrmaly we bir bölegini hem ikinji hasyla töleg hökmünde daýhan birleşigine bermeli.

Dayhanlar şugundyr hasylyny zawoda tabşyrmandyklary üçin nämäniň garaşýandygyny bilmeýärler, emma, dökün we tohum üçin çykdajylary tölemäge taýýar.

“TH-niň” habarçysynyň gürrüňdeş bolan zawodyň tehnologynyň sözlerine görä, geçen ýyl şugundyr hasylynyň ýetmändigi üçin 50 tonnany Özbegistanyň Horezm welaýatyndan satyn almaly boldy.The post Mary welaýatynyň daýhanlary döwletiň satyn alyş nyrhynyň has arzan bolmagyndan howatyrlanyp, şugundyry bazarlarda satýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Baýramaly, Sakarçäge: Ýol ýakalaryndaky bugdaý meýdanlarynda gyssagly oraga girişmek talap edilýär
Baýramaly, Sakarçäge: Ýol ýakalaryndaky bugdaý meýdanlarynda gyssagly oraga girişmek talap edilýär
Balkanda ýangyç ogurlygy derňelýär, 'köp adamyň türmä basylmagy mümkin'
'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň “Bugdaýly tejribe-tohumçylyk” daýhan birleşigine baryp gördi
Ýiti suw ýetmezçiligi: Daýhanlar ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin agyz suwundan we guýulardan peýdalanýar
Gowaça meýdanlarynda ýekeleme işlerine badalga berildi, ideg işleri agyr zähmet talap edýär