Mary welaýatynyň esasy metjidinde Gahryman Arkadagyň adyndan sadaka berildi

Mary welaýatynyň esasy metjidinde Gahryman Arkadagyň adyndan sadaka berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparynyň jemleri jemlenildi hem-de sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidiniň degişli binasynda Gahryman Arkadagyň adyndan toý sadakasy berildi.Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, toý sadakasyna gatnaşyjylar milli tagamlardan dadanlaryndan soňra, bu ýerde aýat-doga okaldy.

Onda ýurtda ýaýbaňlandyrylan işleriň uly üstünliklere beslenmegi, sahawatly topragyň berekediniň artmagy, halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ýurduň abadançylygynyň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýän hajy Arkadagyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Mary şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýerlerde geňeşiň alyp barýan işleri barada pikir alyşmak, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdan teklibini biragyzdan goldap, hajy Arkadagyň ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde ägirt uly işleri bitiren käbesi Ogulabat ejäniň we manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden kyblasy Mälikguly aganyň belli günleriniň Oraza aýyna gabat gelýändigini nazara alyp, belli günleriniň aralygyna düşýän anna gününde belli gün sadakasyny bermek barada karara geldiler we ýagşy adamlary ýatlap aýat-töwirleriň okalmagynyň göwne makul boljakdygy barada özara geňeşdiler.

Ýene degişli makalalar

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty
El hünäri nesillere milli terbiýe mekdebi
Dünýäniň bar görki enedir ene
Tegelek stol söhbetdeşligi
Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  anna agşamlary’ berilýär