Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşatdy

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, Bekmyradow Agajan, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

25-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.Maslahatyň barşynda Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, bu ugurdaky işleriň barşyna nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegini, bu jogapkärli möwsüme dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi häkimlerden talap etdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow saýlawlarda özüne bäsdeş dalaşgär hökmünde çykyş eden resmini işden boşatdy
Serdar Berdimuhamedow saýlawlarda özüne bäsdeş dalaşgär hökmünde çykyş eden resmini işden boşatdy
Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy
Türkmen suratkeşleri Çingiz Aýtmatow — 95 atly halkara sergä gatnaşarlar
Türkmenistanda geçen prezidentlik saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedow 72,97 göterim ses aldy
MST: Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanylan prezidenti diýlip ykrar edildi