Serdar Berdimuhamedow saýlawlarda özüne bäsdeş dalaşgär hökmünde çykyş eden resmini işden boşatdy

Serdar Berdimuhamedow saýlawlarda özüne bäsdeş dalaşgär hökmünde çykyş eden resmini işden boşatdy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýokary döwlet wezipesine dalaş eden bäsdeşi, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy wezipesinden boşatdy. Bu barada turkmen.news neşiri Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine (TDH) salgylanyp, habar berýär.

Döwlet metbugaty häkimiň orunbasarynyň “işde goýberen düýpli kemçilikleri” üçin wezipesinden boşadylandygyny aýdýar, ýöne “düýpli kemçilikler” aýdyňlaşdyrylmaýar.

Prezident Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Mary welaýatynyň Oguzhan, Wekilbazar we Murgap etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýtdy.

Iş maslahatynyň yz ýany, döwlet metbugaty Marynyň welaýat häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.

Bekmyradow Türkmenistanda möhletinden öň geçirilen soňky prezident saýlawlarynda ýokary döwlet wezipesine dalaş etdi. Onuň dalaşgärligi yglan edilende gynanýan halda görkezilen suraty garaşsyz media serişdelerinde giňden paýlaşyldy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komitetiniň öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 40 ýaşly ogly, öňki wise-premýer Serdar Berdimuhamedowy 72,97 göterim ses bilen ýeňiji yglan eden saýlawlarynda, sesleriň 7,22 göterimi Bekmyradowyň paýyna düşüpdi.

Sesleriň 11,9 göterimi saýlawlarda çykyş eden beýleki bir dalaşgäriň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň prorektory Hydyr Nunnaýewiň paýyna düşüpdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek babatda mundan ozal Türkmenistana beren teklipnamalarynyň berjaý edilmeýändigini aýdyp, soňky prezident saýlawlaryna synçy missiýasyny ibermedi. Türkmenistanda geçirilen saýlawlar abraýly halkara guramalary tarapyndan “azat we adalatly” hasaplanmaýar.

Ýatlasak, Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirip, "döwleti dolandyrmakda ýaşlara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny” aýtdy we özüniň prezident wezipesinden çekiljekdigini yşarat etdi.

Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Mejlisi 12-nji martda möhletinden öň prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi.

Saýlaw möwsüminiň dowamynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde häkimiýetleriň raýatlardan Serdar Berdimuhamedowa ses bermegi talap edendiklerini habar berdiler.

Merkezi saýlaw komiteti dokuz dalaşgäriň gatnaşan saýlawlarynyň bäsdeşlik esasynda aýdyň we adalatly geçirilendigini yglan etdi.

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolan Bekmyradow soňky saýlawlarda Berdimuhamedow bilen bäsleşen sekiz dalaşgäriň arasynda iň ýokary wezipesi bolan raýatlaryň biri boldy.

19-njy martda kasam kabul edip, ýokary döwlet wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedow döwlet media serişdelerinde “Arkadagly Serdar”, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa “Gahryman Arkadag” atlandyrylýar.

Prezident wezipesini terk edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy wezipesinde galan Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň syýasy sahnasynda heniz hem işjeň rol oýnaýar.

Döwlet telewideniýesi Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitlere amala aşyrýan saparlaryny, onuň gatnaşýan açylyş dabaralaryny we ýokary wezipeli döwlet adamlary bilen geçirýän mejlislerini görkezýär.

Türkmenistanda döwlet baştutany wezipesiniň Gurbanguly Berdimuhamedowdan Serdar Berdimuhamedowa geçirilmegi bilen post-sowet Merkezi Aziýada ilkinji gezek häkimiýet atadan ogla geçirildi.

Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine girişmeginiň yz ýany, iýun aýynda ogly Kerimguly bilen mukaddes Mekge we Medine şäherlerine zyýarat etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow saýlawlarda özüne bäsdeş dalaşgär hökmünde çykyş eden resmini işden boşatdy
Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşatdy
Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy
Türkmen suratkeşleri Çingiz Aýtmatow — 95 atly halkara sergä gatnaşarlar
Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň Täze Prezidenti Boldy
Türkmenistanda geçen prezidentlik saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedow 72,97 göterim ses aldy