Türkmen suratkeşleri Çingiz Aýtmatow — 95 atly halkara sergä gatnaşarlar

Gyrgyz-Türk Manas uniwersiteti tarapyndan 11 — 15-nji dekabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde nakgaşçylyk boýunça Çingiz Aýtmatow — 95 atly halkara sergi geçiriler.

Halkara sergä ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýew hem-de Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň suratkeş goýujysy Batyr Bekmyradow wekilçilik ederler.

Çingiz Aýtmatow — 95 atly halkara sergä gatnaşmak üçin ildeşlerimiz 10 — 16-njy dekabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen suratkeşleri Çingiz Aýtmatow — 95 atly halkara sergä gatnaşarlar
Gyrgyzysantyň ilçisi: Türkmenistanyň ynsanperwelik kömegi Gyrgyzystana ilkinji bolup ýetirildi
Ildeşlerimiz Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular
Ildeşlerimiz Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar