Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde täze şäherçe gurlar

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde täze şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak boýunça Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Gol çekilen Karara laýyklykda bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak täze, döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek, şäherçäniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin öz garamagynda gurulýan desgalaryň direksiýasyny bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Maryda 'lider saparyna' garaşylýar, ýaşaýjylar üýtgeşiklik isleýär
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistan — Hytaý: energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr