Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak täze, döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek, şäherçäniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin öz garamagynda Gurulýan desgalaryň direksiýasyny bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde täze şäherçe gurlar
Halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Maryda 'lider saparyna' garaşylýar, ýaşaýjylar üýtgeşiklik isleýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistan — Hytaý: energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr