“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.
