Maryda häkime ýüzlenýän raýatlar MHM tarapyndan soraga çekilýär

Maryda häkime ýüzlenýän raýatlar MHM tarapyndan soraga çekilýär

Şu günler Maryda köp ýaşaýjy döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan berilýän unuň we çöregiň gymmatlamagyna nägilelik bildirip, welaýat häkimligine ýüz tutýar. Ýöne munuň yzysüre, bu adamlar Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan soraga çekilip, olara indi häkimlige arza bilen ýüzlenmezlik duýdurylýar. Bu barada bu ýagdaýlary başdan geçiren raýatlaryň, şol sanda il ýaşulularynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Biz birnäçe oba ýaşulusy bolup, ýakynda welaýat häkimligine bardyk we häkim bilen duşuşmak isleýändigimizi aýtdyk. Ýanymyz bilen elten pasportymyza seredip, biziň şahsy maglumatlarymyzy ýaşyl depderçä ýazyp aldylar.Bizden näme sebäpden häkim bilen duşuşmak isleýändigimizi soradylar.

Biz un we çörek paýogynyň gymmatlamagynyň hojalyklary agyr güne salýandygyny, olaryň ýaşaýyş durmuşyny has-da kynlaşdyrýandygyny aýtdyk” diýip, maryly ýaşuly anonim şertde gürrüň berdi.

Ol häkimligiň binasynda özi we deň-duşlary ýaly unuň we çöregiň duýdansyz gymmatlamagyna nägilelik bildirip, arz-şikaýat bilen baran başga-da ýaşaýjylaryň köpdügini hem aýtdy.

“Bizi we bu adamlaryň hiç birini häkim bilen duşuşdyrmadylar. Işgärler häkimiň iş sapary bilen gidendigini, onuň eli degse, bizi duşuşyga çagyrjakdygyny, häzir öýlerimize gaýtmalydygymyzy aýtdylar” diýip, ýaşuly belledi.

Şu aýyň birinji ongünlüginde türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan berilýän unuň we çöregiň bahasyny duýdansyz üç-dört esse ýokarlandyrdylar. Soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri bir kilogramy 1 manat bahalanan un we bir sanysy 1 manat bahalanan çörek 3,5 - 4,5 manat aralygynda satylyp başlandy.

Maryly ýaşulular häkimlige eden ýüzlenmelerinden bir gün soň, özleriniň arçynlyga çagyrylandygyny we MHM-niň ýerli edarasynyň raýat eşigindäki işgärleri tarapyndan soraga çekilendiklerini hem aýtdylar.

“Olar bizden häkimlige näme üçin barandygymyzy soradylar.Biz arza ýazmandygymyzy, dilden gürleşmäge barandygymyzy aýtdyk.Olara unuň we çöregiň gymmatlandygyny, alýan 600 manat pensiýamyzyň güzeran eklemäge ýetmeýändigini hem aýtdyk.

MHM işgärleri bize pensiýamyzyň her ýyl 10% galýandygyny aýdyp, şükür ediň!Indi gaýdyp häkimlige barmaň, arz-şikaýat etmäň’ diýdiler.Biz pensiýalar 10% galsa, zatlaryň 10 esse gymmatlaýandygyny düşündirmäge çalyşdyk. Ýöne olar bize size duýdurdyk, agtyjaklaryňyz bilen öýüňizde oturyň’ diýdiler” diýip, ýaşuly belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada welaýat häkimliginden, MHM-niň ýerli edarasyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda unuň we çöregiň bahasynyň gymmatlamagy, hökümetiň bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyny 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, 2,5 esse ýokarlandyrmagy bilen utgaşdy. 9-njy fewralda gol goýlan karara laýyklykda, döwlet harmanyna bugdaý hasylyny tabşyran daýhanyň üstümizdäki ýylyň hasylyndan başlap, öňki bahadan 2,5 esse töweregi has köp girdeji gazanmagyna garaşylýar.

Geçen ýylyň hasylyna degişli unuň we çöregiň hiç hili duýduryş berilmezden gymmatladylmagy il içinde aladalanmalary artdyrdy.

Mundan 10 gün çemesi ozal, Marydaky habarçylarymyz “dükanlarda geçen ýyldan bäri garaşylýan un paýlarynyň täze nyrh bilen satylyp başlanandygyny, ýöne ilatyň bu uny almakdan ýüz öwürýändigini we welaýat häkimine arza ýazyp, geçen ýylyň un paýogyny köne nyrhdan bermegi soraýandygyny habar berdiler.

“Marynyň döwlet dükanlarynda alyjylar bilen söwda işgärleriniň arasynda dawalar köpelýär. Ilat öz hakyny soraýar, dükan işgärleri bolsa ýokardan gelen buýruga salgylanyp, geçen ýylyň paýlarynyň hasabyna uny täze nyrhdan satmaga synanyşýar” diýip, habarçymyz 16-njy fewralda beren maglumatynda aýdypdy.

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, gün-güzeranyny zordan dolandyrýan köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar. Ilat köpçüligi döwlet dükanlarynda ýyllarboýy saklanyp gelýän gytçylyga, nobatlara we dürli çäklendirmelere çydam görkezip geldi.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar, şeýle-de unuň we çöregiň gymmatlamagynyň il içinde döredýän aladalary, häkimlige ýüzlenýän raýatlara edilýän basyşlar barada hiç hili maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizli

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
Diňle: Maryda häkime ýüzlenýän raýatlar MHM tarapyndan soraga çekilýär
Lebap G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
Türkmençilik näme ýa-da däp-dessurlar nädip propagandanyň esasy guralyna öwrüldi?
Azatlygyň öňki habarçysy Allaşow Daşoguzda tussag edildi
Özbegistan Farap-Alat barlag nokadyny wagtlaýyn ýapdy