Marynyň migrasiýa gullugynda barlag geçirilýär 

Marynyň migrasiýa gullugynda barlag geçirilýär 

Türkmenistanda raýatlaryň biometriki pasport almakda çekýän kynçylyklarynyň arasynda Migrasiýa gulluklarynda wagtal-wagtal barlag geçirilýär. Şu günler Marynyň migrasiýa gullugynyň işi barlanýar.

Mary welaýatynyň migrasiýa gullugynda güýçli barlaglaryň alnyp barylýandygyny we şu sebäpden pasport taýýarlamak işiniň wagtlaýyn bes edilendigini Azatlygyň habarçysy we ýerli çeşmeler 24-nji aprelde habar berdi.

"Bu barlaglaryň başlanmagynyň sebäbi migrasiýa edarasyna barýan adamalaryň öz nägileliklerini görkezmegi sebäp boldy. Baranlaryň şol ýerde goh edendikleri üçin barlaglar ugradyldy" diýip Azatlygyň habarçysy aýdýar we ýaňy-ýakynda bolan ýagdaýlaryň birinde edaranyň içinde nobatda duran azyndan 20 adamyň pasporty diňe para bilen alyp bolýandygyny aýdyp, açyk nägilelik bildendigini gürrüň berdi.

Habarçy barlaglar sebäpli migrasiýa edaralarynda raýatlara daşary ýurt pasportyny taýýarlap bermek işiniň wagtlaýyn bes edilendigini we baran adamlaryň yzyna gaýtarylýandygyny aýdýar: "Welaýat migrasiýasynda barlaglar doly gutarýança zagran pasport berilenok dýýärler".

Şeýle-de bolsa, habarçymyz şeýe jogabyň migrasiýa gullugyna resmi ýoldan ýüz tutanlara berilýändigini belläp, dowam edýän barlaglara garamazdan, para bilen pasport almak mümkinçiligiň henizem saklanýandygyny aýdýar: "Kanun boýunça pasporty düzetjek bolsaň, migrasiýa barylsa wagtlaýynça pasport berilmeýär diýilýär we barlaglar dynanyndan soň arza berip bolýar diýip, gelen adamy yzyna ugradýarlar. Ýöne para berseň meseläni duran ýerinde çözüp bolýar".

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, şu günler pasport alýanlar ep-esli para beren adamlar.

"Migrasiýanyň içinde nähili oýunlaryň edilýäni belli däl ýöne azyndan 10 müň manat para hödürleseň, dessine bir aýa ýetirmän eliňe pasport beriljegini aýdýarlar" diýip, habarçymyz pasport almak üçin para beren adamlara salgylanýar.

Şeýle-de, daşary ýurt pasportyny edinmek üçin migrasiýa gullugyna ýüz tutan ençeme adam bilen söhbetdeş bolan habarçymyz, migrasiýa gullugynda para bilen birnäçe dürli meseläni çözüp bolýandygyny belleýär: "Migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýanyna girmek üçin üç aý öňürti nobata durmaly, nobatyňy öňe süýşürmek üçin azyndan 600-1000 manat para berseň, nobatsyz hem girip bolýar. Umuman, para berseň ähli ýollary açyp bolýar".

Habarçymyz bilen gürleşen Marynyň ýaşaýjylary häkimiýetleriň ilata biometriki pasport bermek işindäki býurokratiki bökdençliklerine, parahorluga nägilelik bildirýärler, käbirleri migrasiýa gullugynda geçirilýän barlaglar halkyň nägileligini köşeşdirmek üçin gözboýagçylyk diýip hasap edýärler.

Mundan oň migrasiýa gullugynyň işini barlamak boýunça çäreler Balkan welaýatynda geçirildi. Martyň başynda geçirilen prokratura barlaglary Azatlyk Radiosynyň ýerli migrasiýa gulluklarynyň raýatlara biometriki pasport bermegi bes edendigi we para alýandygy barada çap eden habarlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Biometriki pasport Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara syýahat etmegi üçin zerur. Pasport almakdaky kynçylyklar soňky aýlarda hasam güýçlendi. Ýurduň käbir regionlarynda pasport almak isleýänleriň nobatlary birnäçe aýa çekýär, käbir ýerlerde pasport taýýarlamak işi wagtal-wagtal togtaýar.

Türkmenistan öz raýatlaryna biometriki pasporty diňe ýurduň içinde berýär. Beýleki ýurtlardan tapawutlylykda, daşary ýurtlardaky türkmen diplomatik wekilhanalarynda pasport bermek göz öňünde tutulmaýar. Şu sebäpden pasportynyň möhleti gutaran türkmen raýatlary bolýan ýurdundan Türkmenistana barmaga mejbur bolýarlar.

Bu aralykda Türkmenistanyň ilatynyň arasynda ýurdan çykmak islegleri barha güýçlenýär. Ýurduň agyr ykdysady şertleri, garyplyk we parahorluk ilaty başga ýurtlarda girdeji gözlemäge iterýär.

Türkmen resmiler ýurtdaky problemalary, şol sanda migrasiýa meselesini agzamaýar, parahorluk problemasyny käte boýun alsalar-da düýpli çäre görmeýär. Halkara hasabatlarynda Türkmenistan ýyllarboýy dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň arasynda agzalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Işsizlik Tagtabazarda taşlanýan, çäge basýan jaýlary köpeldýär
Gazagystana gidýän türkmenleriň köpelmegi bilen, howpsuzlyk gulluklarynyň syýahatçylara basyşlary artýar
Hususy firmalara tölenen salgydyň gijikdirilendigi üçin jerime salynýar
Türkmen talyby: VISA kartlaryny ýapdylar; çörek almaga-da pulumyz ýok