Marynyň obalaryna gaz we elektrik kadaly berilmeýär, şäherlerde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär

Marynyň obalaryna gaz we elektrik kadaly berilmeýär, şäherlerde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär

Gyş paslynyň ortalarynda we howanyň temperaturasynyň gijelerine minus gradusa çenli aşaklaýan şu günlerde Mary welaýatynyň oba ýaşaýjylary ýene tebigy gazyň we elektrigiň kadasyz üpjünçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şäher ýerlerinde bolsa, ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.

“Welaýatyň merkezden daşdaky obalarynda tebigy gaz tas ýok diýen ýaly. Türkmengala etrabynyň Zähmet daýhan birleşiginiň köp köçesindäki jaýlara tebigy gaz berilmeýär. Sebit ýolbaşçylary munuň sebäbini düşündirmeýärler. Obalarda elektrik üpjünçiliginiň ýagdaýy hem juda pes. Yşyklandyryş çyralary zordan ýanýar” diýip, ýagdaýlardan habarly oba ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Bu ýagdaý, oba ýaşaýjylaryny, gündelik zerurlyklaryny üpjün etmek, şol sanda nahar bişirip, çaý gaýnatmak we öýi ýylytmak üçin, odun ýakyp, gün görmäge mejbur edýär.

“Adamlar gaz, tok ýetmezçiliginiň her ýyl gaýtalanýandygyny bilip, indi gyşyň öňüsyrasy odun satyn alyp başlaýarlar. Adamlar peçlerde odun ýakyp, gün görýärler” diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Marynyň obalarynda ýaşaýjylar odun ýakyp öýlerini ýyladýan bolsa, şäher ýaşaýjylarynyň köpüsi munuň üçin elektrik peçlerden peýdalanýar. Sebäbi Mary we Türkmengala şäheriniň köp gatly jaýlarynda merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär.

“Güýz paslynda köp gatly jaýlaryň ýyladyş ulgamlaryna suw goýberlip başlanany bäri ýyladyş turbalary yzygiderli ýarylýar. Turbalar bejerilýänçä, jaýlaryň öňden hem zordan ýyladýan ýyladyş ulgamlary asla işlemeýär. Adamlar tok peçler bilen ýa-da gaz plitasynyň duhowkalaryny ýakyp, şondan gelýän howra öýlerini ýylatmaga çalyşýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ýaşaýjylar ýyladyş ulgamlarynyň ençeme günläp, käte hepdeläp bejerilmeýändigini aýdýarlar. Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri munuň sebäbini hatardan çykyp, ýarylýan turbalaryň köplügi bilen düşündirýärler.

“Ýaşaýjylar turbanyň ýarylandygyny habar berseler, şol köp gatly jaýyň ýyladyş ulgamyny doly öçürmeli bolýarys we şol jaýyň nobaty gelýänçä, adamlar öýlerini özleri ýylatmaly bolýarlar.Bu ýagdaý, käte ençeme güne, käte-de bir hepdä çekip bilýär.

Sebäbi hatardan çykýan turbalar köp.Täze turbalaryň berilmeýändigi sebäpli, hatardan çykan turbalar ýamalýar.Edara başlyklary köne turbalary ýamap, suw akmaz ýaly etseňiz bolýar diýýärler. Şol sebäpli turbalar yzygiderli ýarylýar we biz turbalary bejerip ýetişmeýäris” diýip, Jemagat hojalygy müdirliginiň bir işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň gaz, elektrik edaralaryndan, şeýle-de Jemagat hojalygy müdirliginden telefon arkaly kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne bu waka, Marynyň häkimi Begençmyrat Orazowyň prezident Serdar Berdimuhamedowa sebitde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmegiň, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň gözegçilikde saklanylýandygy barada hasabat bermeginden üç gün soňa gabat geldi. TDH-nyň maglumatyna görä, häkim bu barada Ministrler Kabinetiniň 15-nji ýanwarda geçirilen iş maslahatynda aýtdy.

Hökümet resmileri ýokary derejeli iş maslahatlarynda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilýändigi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilýändigi barada ýylyň dowamynda ençeme gezek hasabat berýärler.

Muňa garamazdan, energiýa serişdelerine baý Türkmenistanda ilat tebigy gazyň we elektrigiň kadasyz üpjünçiligi, ýyladyş ulgamlarynyň hatardan çykmagy bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär.

Bu ýagdaý, hususan-da, adatdan daşary howa şertlerinde, gyşyň aýazly sowuk we tomsuň jokrama yssy günlerinde, has-da ýitileşýär. Azatlyk bu problemalar barada güýzüň başyndan bäri onlarça gezek habar berdi.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri sowuk howa şertlerinde ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada asla mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
Aşgabatda Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama duşuşygy geçirildi
Bilýard boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýer eýeleriniň ýeňşi