Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 29-njy möwsümi tamamlandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 29-njy möwsümi tamamlandy

Şu gün, 19-njy dekabrda Aşgabatda, Türkmenbaşyda hem-de Maryda geçirilen duşuşyklar bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümi tamamlandy.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynyň merkezi meýdanynda geçirilen duşuşykda “Ahal” “Merwden” 1:0 hasabynda üstün çykyp, futbol çempionatymyzy ikinji hatarda tamamlamagy başardy. “Ahalyň” düzüminde çykyş edýän Elman Tagaýewiň möwsümiň dowamynda derwezelere geçiren 10 topy bilen iň köp top geçirenleriň bäsleşiginde öňdäki orny eýeländigini bellemek gerek.

Paýtagtymyzda geçirilen ýene-de bir duşuşykda wagtyndan öň sekizinji çempionlygyny gazanan “Altyn Asyr” Balkanabadyň “Nebitçisinden” 1:0 hasabynda üstün çykdy. Bu duşuşygyň yzysüresi Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň wekilleri tarapyndan “Altyn Asyr” toparyna dabaraly ýagdaýda baýraklary gowşuryldy.

Maryda ýerli “Energetik” bilen “Köpetdagyň” arasyndaky duşuşyk 2:0 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmenbaşyda “Şagadam” paýtagtymyzyň “Aşgabady” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Şeýlelikde, 34 utugy bolan “Altyn Asyr” birinji, 29 hem-de 21 utuklary bolan “Ahal” bilen “Şagadam” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelediler.

14-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Altyn Asyr” “Nebitçi” 1:0 Gol: 15 Begençmyrat Myradow (“Altyn Asyr”) Duýduryşlar: 53 Röwşen Halmämmedow, 74 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”) 37 Muhammet Annaýew (“Nebitçi”) Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.) Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.) Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: M.Owezdurdyýew (Mary ş.) Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.)

“Energetik” “Köpetdag” 0:2 Gollar: 23 Öwezbaý Muhammetmyradow, 57 Yhlas Saparmämmedow (“Köpetdag”) Duýduryşlar: 76 Myrat Aşyrow (“Energetik”) 90+1 Batyrgylyç Berdiýew (“Köpetdag”) Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.) Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.) Kömekçi eminler: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabаt ş.) Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.) Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.) Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

“Şagadam” “Aşgabat” 1:1 Gollar: 68 Kerim Hojaberdiýew (“Şagadam”) 90+5 (11 m.j.u.) Gurbangeldi Sähedow (“Aşgabat”) Duýduryşlar: 45 Nazar Towakelow, 55 Aşyrgeldi Saryýew, 81 Selim Umarow, 87 Nikita Gorbunow (“Şagadam”) 20 Şatlyk Gurbanow, 67 Hydyrgeldi Atdjanow, 79 Gurbangeldi Sähedow (“Aşgabat”) Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.) Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.) Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.) Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.) Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.) Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

“Ahal” “Merw” 1:0 Gol: 12 Meýlis Diniýew (“Ahal”) Duýduryşlar: 24 Amir Gurbany, 40 Serdar Geldiýew (“Ahal”) 41 Maksat Atagarryýew, 86 Merdan Saparow (“Merw”) Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.) Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.) Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabаt ş.) Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.) Duşuşygyň komissary: O.Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

Ýene degişli makalalar

TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: 8-nji aýlawyň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
Arslan Goşşanow Arkadag futbol toparynyň ilkinji resmi duşuşygynyň baş emini bolar
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: şu gün çärýek final duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler