Marysyýahat HJ Saud Arabystanyna syýahat saparlaryny guraýar

Marysyýahat HJ Saud Arabystanyna syýahat saparlaryny guraýar

Marysyýahat hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryna umra zyýaratyny berjaý etmek üçin Mekke-Medinä zyýarat hyzmatlaryny hödürleýär.

Kompaniýanyň hyzmatlar bukjasyna Saud Arabystanyna wizany resmileşdirmek, awiapetekleri bronirlemek, zyýaratçylaryň üç wagtyna nahary bolan dört ýyldyzly myhmanhanada ýerleşmegini üpjün etmek, şeýle-de ýolbeletleriň ýoldaş bolmagynda awtobusda mukaddes hem-de medeni-taryhy ýerlere gezelençleri guramak girýär.

Marysyýahat 2023-nji ýylyň 11 — 27-nji dekabry aralygynda Mekke we Medine şäherlerine guralýan zyýarata gitmek üçin ýerleriň bardygyny habar berýär.

Marysyýahat HJ 1995-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin syýahatçylygy gurap gelýär. Kompaniýanyň hyzmatlarynyň çygrynda — daşary ýurtlara syýahatçylyk saparlaryny guramak, Türkmenistanyň çägine syýahatçylyk saparlary (taryhy we tebigy ýadygärlikler, Awaza milli syýahatçylyk zolagy), umra zyýaratlary hem-de ýeke bolup daşary ýurda gitmekde wizany resmileşdirmek hyzmatlary bar.

2023-nji ýylyň dekabr aýynda umra zyýaratyny berjaý etmek isleýän raýatlar şu salgylar boýunça Marysyýahat hojalyk jemgyýetine ýüz tutup bilerler:

Ýene degişli makalalar

Zemin syýahat syýahatçylyk agentligi: dynç alyşyňyzy we iş saparlaryňyzy ussat hünärmenlere ynanyň
Dünýä syýahat: göwnejaý syýahat etmek üçin giň gerimli hyzmatlar
Sarayan HJ Aşgabatda geçýän giň gerimli sergide ýörite iş eşikleriniň we gulluk lybaslarynyň görnüşlerini görkezer
Garagum Ulag kompaniýasy Toyota-nyň ýokary standartlaryna laýyk gelýändigini nobatdaky gezek tassyklady
Russiýa Federasiýasynyň çägine haryt girizmek üçin “Dogruçyl belgi” kanuny güýje girdi
HJ: Türkmen kanunlary täsirli adamlardan gorkýar, garyplara ökde’