Maşat şäherinde “STAR EXPO 2023” atly sergi geçirildi

28-nji noýabrda Maşat şäherinde “Star Expo 2023” ady bilen iýmit we syýahatçylyk ugruna bagyşlanan dördünji sergi öz işine başlady.

Şäheriň “Ýyldyz” söwda merkeziniň binasynda işe başlan bu sergä Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygy öz sergi stendi bilen gatnaşdy.

Türkmenistanyň sergi stendinde türkmen halkynyň gadymy taryhyny, baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini şöhlelendirýän şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, saz gurallary we milli lybaslary görkezildi.

Şeýlede, sergä gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary bilen tanyşmaga mümkinçilikler döredildi.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Türkmenistan GDA ýurtlarynyň Hemişelik wekiller geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan MÜSIAD EXPO çäresinde çykyş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen BAE bardy, Turkish Airlines Aşgabada iki ýolagçy gatnawyny gurar, Türkmenistan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrdy