Maşgala ojagyny saklap...

Şu ýylyň fewralynda ýudumyzyň iň ýaşuly enesi Aksoltan Çary 102 ýyl ýaş toýuny belledi.Ol ömrüniň aglaba bölegini Watan goragyna gidip, uruşdan dolanyp gelmedik ýaryna garaşyp geçirdi...Ol agyr zähmetden arsa-da, durmuş kynçylyklaryna döz gelip, ýagşy umydy elden bermeýärdi.

Aksoltan eje göwnaçyk, adamlara mähriban ene. ...Aksoltan eje 1917-nji ýylda Hurmant-Gökje obasynda dünýä inýär.Ol maşgalada iň kiçisidi, özünden uly iki aýal we bir erkek dogany bardy çagalar darak sesine ýatyp, tara sesine-ede oýanýardylar, çünki ejesi haly dokardy.

Gyzjagaz 12 ýaşyndan tara münüp, hala dokap, ejesine kömek edip ugrady. 1935-nji ýylda Bekreweden Çary Amangeldä durmuşa çykýar.Kän wagt geçmän dünýä inen gyzyna Aýsoltan diýip at dakýarlar. Ýaş maşgala hem işleýärdi, hem geljege ýagşy umytlar bilen ýaşaýardy.

Emma...Duýdansyz başlanan Beýik Watançylyk urşy olaryň arzuwyny puja çykardy.Urşa gidende adamsy basym geljekdigini aýdypdy, gyzyna, öý-içersine esewan bolmagy tabşyrypdy.Ol ýanýoldaşynyň golundan tutup, demir ýol menziline çenli bileje gidipdi. --Men aglaýardym.

Ol bolsa ýylgyryp durşuna: “Ine, duşmany ýeňeris, ýeňiş bilen geleris.Sen garaşgyn maňa”—diýipdi.Olam garaşyberdi...Kän wagt geçmänka “Adamyňyz Çary Amangeldi dereksiz ýitdi” diýen gysga habar geldi. Şonda-da Aksoltan ýaryna garaşdy, ýene-de agzybirje ömür sürmegi arzuwlady...

Uruş ýyllary durmuş agyrdy.Tylda galan iki çaganyň enesi ( 1942-nji ýylda ogly Amangeldi dünýä indi, ony görmek kakasyna miýesser etmedi), kolhozda beýleki zenanlar bilen birlikde urşa gidenleriň ornuna durup, agyr işledi, gijlerine bolsa bar zat front üçin, bar zar ýeňiş üçin!

diýip haly dokady.Gabahatly uruş ýyllary fronta kömek birinji derejeli işdi.Garrylardyr zenanlar, ýetginjekler öz agzyndan kesip, elde baryny fronta kömege berdiler.Aksoltan duşmandan üstün çykmaga goşant hökmünde Goranmak gaznasyna şaý-sepleriniň baryny tabşyranda öz kömeginiň adamsyna gowşurjakdygyna ynamy bardy. ...Ýakynlarynyň mähir-muhabbeti bile gurşalan ene çowluklarynyň on bäşisiniň hersini görende onuň göwni galkynýar.

Onuň uzak ýaşamagynyň syry gününiň belli tertipde geçýänliginde...Ol şol bir wagtda ýatyp, ir örleýär.Iýende: “az iýen - uzak ýaşar” diýen pähime eýerýär.Aksoltan Çary ýaly zenanlaryň millionlarçasynyň söwer ýary Beýik Watançylyk urşunyň jeň meýdanyndan gaýdyp gelmedi.

Olaryň çuňňur söýgüsidir ynamy, tylda çeken janaýamazakly zähmeti Beýik Ýeňşi golaýladypdy!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistan Owganystanyň goňşularyny "Talyban" bilen hyzmatdaşlyk saklamaga çakylygy
BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýany parahatçylygyň zolagy diýip yglan etdi
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçinji orunda?
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçenji orunda?