Türkmenistanly dzýudoçylar baýrak gaznasy 1 million ýewro ýetýän ýaryşa gatnaşýarlar

Türkmenistanly dzýudoçylar baýrak gaznasy 1 million ýewro ýetýän ýaryşa gatnaşýarlar

Türkmenistanly dzýudoçylaryň dördüsi 6 ― 13-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar.

Dzýudo boýunça halkara federasiýanyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, baýrak gaznasy 1 million ýewro boljak 35-nji dünýä çempionatynda Türkmenistana erkekleriň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde Hakberdi Jumaýew we Aýbek Ömirow, zenanlaryň arasynda bolsa 48 kilograma çenli agram derejesinde Aksoltan Hojageldiýewa bilen 63 kilograma çenli agramda Zülhumar Daşgynowa wekilçilik eder.

Özbegistan dzýudo boýunça dünýä çempionatyny taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Tutluşyklar Daşkent şäherindäki Humo Arena sport köşgünde geçiriler.

Özbek metbugaty dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 87 döwletden 584 dzýudoçynyň Daşkentde jemlenýändigini ýazdy. Ýaryşlar jemi 14 agram derejesinde geçiriler. Dünýä çempionatynda gazanyljak üstünlikl dzýudoçylaryň 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini has-da artdyrar.

Ýene degişli makalalar

Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşar
Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanly dzýudoçylar Türkiýe Uly tuwulgasyna gatnaşar
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar
Türkmen dzýudoçylary dzýudo boýunça Aziýanyň Açyk kubogyna gatnaşarlar
Türkmen dzýudoçylar Tel-Awiw Gran prisine gatnaşar
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Mongoliýada geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar