Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Mongoliýada geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar

Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Mongoliýada geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar

Türkmenistanly dzýudoçylaryň 14-si 24 ― 26-njy iýun aralygynda halkara Uly tuwulga ýaryşynyň Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçiriljek tapgyryna gatnaşar. Bu barada Halkara dzýudo federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Uly tuwulgaözüniň derejesi boýunça Olimpiýa oýunlaryndan, dünýä çempionatyndan we Ussatlyk ýaryşlaryndan soň dördünji orny eýeleýär. Ol her ýylda geçirilýän ýaryşdyr.

Ulan-Batordaky halkara ýaryşda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Aýbek Omirow (70 kilograma çenli agram derejesinde), Hakberdi Jumaýew (60 kilograma çenli), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kilograma çenli), Ylham Kemalow, Isa Gaýdarow (73 kilograma çenli), Mämmedaly Açyldyýew we Daýanç Omirow wekilçilik edýär.

Zenanlar ýygyndymyzy bolsa Aksoltan Hojageldiýewa, Raýhon Şawkadowa (48 kilograma çenli), Leýla Umydowa, Saýýara Rozyýewa (52 kilograma çenli), Gözel Nowruzowa (57 kilograma çenli), Zülhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli) dagylar düzýär.

Ýaryşa 25 döwletden 193 türgen gatnaşar. Şol sanda olaryň 122-si erkekler, 71-si zenanlardyr.

Uly tuwulganyň indiki tapgyrlary Budapeşt, Zagreb, Abu-Dabi, Baku we Tokio şäherlerinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar
Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşar
Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanly dzýudoçylar Türkiýe Uly tuwulgasyna gatnaşar
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçenji orunda?
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçinji orunda?