Türkmen dzýudoçylary Zagrebdäki halkara Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmen dzýudoçylary Zagrebdäki halkara Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmen dzýudoçylarynyň 14-si 15-17-nji iýul günleri Zagrebde geçiriljek halkara Gran-pri turnirine gatnaşarlar. Bu barada Halkara Dzýudo Federasiýasy habar berýär.

Ýaryşda erkekleriň arasynda Aýbek Ömürow, Hakberdi Jumaýew (60 kg çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kg çenli), Ylham Kemalow, Isa Gaýdarow (73 kg çenli), Mämmedaly Açyldyýew, Daýanç Ömürow (81 kg çenli) dagy ýurdumyza wekilçilik ederler.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda Aksoltan Hojageldiýewa, Reýhan Şawkatowa (48 kg çenli agram derejesinde), Leýla Umydowa, Saýýara Rozyýewa (52 kg çenli), Gözel Nowruzowa (57 kg çenli), Zulhumar Daşgynowa (63 kg çenli) dagy Türkmenistanyň adyndan çykyş ederler.

Zagrebdäki halkara Gran-pri turnirine 71 döwletden jemi 556 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şolardan 321-si erkekler, 235-si bolsa zenanlardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýadan 5 sany teplowoz satyn aldy, Milli Geňeşiň Mejlisi 14 sany täze kanun kabul etdi, RF-niň agentlikleri rus KHBS-niň saýtlarynyň ýapylandygy hakyndaky maglumaty ret etdi we beýleki habarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar Tokio Gran-prisine gatnaşarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar 2023-nji ýyldaky ilkinji halkara synagyna şu ýylda çykarlar
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar
Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşar
Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy