Matadorlar hem özlerini, hem-de şotlandlary Ýewropa çempionatyna çykardy

Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň dowam edýän şu günlerinde Germaniýadaky ýaryşa gatnaşjak toparlar kem-kemden belli bolup başlady.

“A” toparçada Ispaniýanyň ýygyndysy myhmançylykda Norwegiýany 1-0 hasabynda ýeňdi.Matadorlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 49-njy minutda Gawi geçirdi.Bu ýeňişden soň toparçadan çykan 2 ýygyndy hem belli boldy. 15 utukly Ispaniýa bilen Şotlandiýanyň ýygyndylary EURO 2024-e gatnaşjak toparlaryň hataryna goşuldy.

Ispaniýanyň ýygyndysy bassyr 8-nji, umumylykda 12-nji gezek Ýewropa çempionatynda çykyş eder. Şotlandlarda bu görkeziji 4-e deň bolup, olar yzly-yzyna 2-nji gezek yklymyň iň uly ýaryşyna goşularlar.

Düzüminde Holann, Edegor, Sörlot ýaly ýyldyzlary bolan Norwegiýa bolsa häzirlikçe çempionatyň daşynda galyp, olaryň pleý-off tapgyrynda çykyş etmek mümkinçilikleri az hem bolsa bar.

Ýene degişli makalalar

Wezipesinden boşadyldy, 20 million ýewro öweztöleg puluny alar
Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy
Çärýek finalda çekeleşikli duşuşyklar garaşýar
Stambul howa menzili Ýewropanyň iň işjeň howa menzili boldy
Dünýäniň iň gowy peýniri belli boldy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Ok-däri üçin pagta: Merkezi Aziýa Kremliň harby maksatlary üçin çig mallary nädip üpjün edýär