Матч ТВ türkmen boksçusynyň tutluşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

Матч ТВ türkmen boksçusynyň tutluşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

Russiýanyň boks duşuşyklaryny hem-de söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça tutluşyklary guraýan Pravda Fighting Championship promouşeni Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň üsti bilen türkmen türgeni Ihtiýar Maşaripowa çakylyk iberdi. Bu çakylyga seslenen boksçy 17-nji fewralda russiýaly Sergeý Makedon bilen ringe çykar.

Ýarym agyr agramda guraljak duşuşyk Moskwada Pravda boxing halkara ýaryşynyň çäginde guralar.

Daşoguzly 27 ýaşly boksçy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talybydyr. Ol geçen ýyl Türkmenistanyň kubogynda öz agram derejesinde bürünç medala mynasyp bolupdy.

Türkmenistanly sport janköýerlerini has tolgundyrjak ýagdaý bolsa Russiýanyň Матч ТВ sport teleýaýlymynyň bu agşamdaky ähli duşuşyklary göni ýaýlymda alyp görkezjekligidir. Göni ýaýlym Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanar. Janköýerler bu ýaýlyma ýurdumyzda hereket edýän IPTV ulgamy arkaly tomaşa edip bilerler.

Boks agşamynyň esasy duşuşygy russiýaly Magomed Madiýew bilen argentinaly Emiliano Puçetyň arasynda geçer.

Ýene degişli makalalar

Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Türkmenistanda tölegli telekanallar birnäçe gün işlemeýär
Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
Pahtakor — Ahal oýnuna nähili tomaşa edip bolar
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy