MAÝA GOÝUMLAR WE TÄZE TASLAMALAR TÜRKMEN-KOREÝ PARLAMENT GEPLEŞIKLERINDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLAN MESELELER BOLDY

MAÝA GOÝUMLAR WE TÄZE TASLAMALAR  TÜRKMEN-KOREÝ PARLAMENT GEPLEŞIKLERINDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLAN MESELELER BOLDY

Türkmen Parlamentiniň Ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşiklerde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygy Kim Çžin Phýo maýa gýoumlaryň kepillikleri hakynda ylalaşygyň baglaşylmagynyň iki ýurduň arasyndaky maýa goýum işjeňligini höweslendirer diýip aýtdy hem-de taraplaryň bu resminamanyň üstünde tizräk işlemeginiň zerurdygyny belledi.

Duşenbe güni Milli Assambleýada bolan duşuşykda Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň Parlamentleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Şeýle hem spikerler ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda energetika we senagat düzümleri, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynda, dokma senagatynda we tokaý hojalygynda hyzmatdaşlygyň mazmuny barada pikir alyşdylar. Bu barada Koreýa Respublikasynyň kanun çykaryjy edarasynyň metbugat-beýanatynda aýdylýar.

“Tebigy gazynyň gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji bolmagyna buýsanýan Türkmenistan hem-de ýokary derejedäki ajaýyp tehnologiýalara eýe bolan Koreýa biri-biriniň üstini ýetirýän ykdysady düzümlere eýedirler” diýip, Kim Çžin Phýo aýtdy. Mysal hökmünde Koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bahasy 3 milliard dollara barabar bolan, 2018-nji ýylyň sentýabrynda işe girizilen Gyýanly gazhimiýa toplumynyň gurluşygy ýatlanylyp geçildi.

Günorta Koreýanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň energetika we düzümleýin taslamalaryna has köp koreý kompaniýalarynyň gatnaşyp biljekdigine umyt bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagynda Türkmenistanyň koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini aýtdy hem-de türkmen mekdeplerinde koreý diliniň okadylyşyny giňeltmek hakyndaky teklibi goldady we Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Milli Assambleýanyň başlygy Kim, şeýle hem Pusanda EKSPO-2030 Bütindünýä sergisiniň geçirilmegini goldamagy baradaky haýyş bilen Türkmenistana ýüzlendi hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji Koreýa bolan saparynyň dowamynda bu port şäherine gelip görendigini ýatlatdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wagty Günorta Koreýa iki gezek (2008-nji ýylyň noýabry we 2015-nji ýylyň apreli) döwlet saparlaryny amala aşyrdy. Häzirki sapary bolsa – indi parlamentiň ýolbaşçysy hökmünde bu ýurda üçnüji saparydyr.

Seulda Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýanynda bolýan wekiliýetiň düzüminde parlamentiň dürli komitetleriniň ýolbaşçylary, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýew, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýew, Daşary ykdysady bankyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew, şeýle hem Türkmenistanyň Günorta Koreýadaky ilçisi Begenç Durdyýew bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Ýaponiýanyň NEXI agentligi Türkmenistandaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Halk saz gurallary