Ýaponiýanyň NEXI agentligi Türkmenistandaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady

Ýaponiýanyň NEXI agentligi Türkmenistandaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowanynda ýapon agentligi Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy ýekşenbe güni habar berdi.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 13-16-njy dekabrynda Tokio şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Taraplar dürli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gepleşikleri geçirdiler we bu başlangyçlary maliýe taýdan goldamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. NEXI agentligi öz gezeginde Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara maliýe taýdan goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynda (JBIC), Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynda (JETRO), Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginde (JICA) we ýurduň beýleki iri edaralarynda geçiren duşuşyklarynda özara gatnaşyklaryň hem-de bilelikdäki taslamalaryň täze ugurlary kesgitlenildi.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň arasynda iki sany şertnama gol çekildi. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň awiasiýa edaralarynyň wekilleri bolsa iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

23.10.2018 | Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümet we işewür toparlarynyň duşuşyklary geçirildi
Halkara maliýe guramalary Türkmenistanda ulag taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar
Raşid Meredow Ýaponiýanyň maliýe gurluşlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistan we Kawasaki Heavy Industries, Ltd hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda dürli ugurlar boýunça resminamalara gol çekildi
Ýaponiýanyň "Kawasaki" kompaniýasy Türkmenistanda täze taslamalary hem durmuşa geçirmäge taýýar