Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy ýanwarda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň gurluşygynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
TDH-nyň habar bermegine görä, nebit-gaz boýunça wise-premýer Myratgeldi Meredow tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň doly tamamlanandygy barada hasabat bermek bilen, Berdimuhamedowa täze kärhananyň deslapky synaglaryny başlamaga ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Neşir synaglaryň haçan başlanjakdygyny anyklaşdyrmaýar.
“Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň wekili Keý Noumura döwlet baştutanyny sintetiki suwuk uglewodorodlary almagyň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyrdy.
1 of 7
Ýatladýarys, prezident 2018-nji ýylda bu desgany “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” bilen bileleikde gurýan türk kompaniýasynyň “Rönesans Holdingiň” başlygy Erman Ylyjagy üç gezek kabul etdi.
Bu desganyň gurluşygyny tamamlamak 2018-nji ýyla planlaşdyryldy.
Bu zawody gurmak ylalaşygyna prezident Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa eden sapary mahalynda gol çekildi. Desganyň dübbüni tutmak dabarasy 2014-nji ýylyň awgustynda, döwlet baştutanynyň hem gatnaşmagynda geçirildi.
Plana laýyklykda bu zawodda ýylda 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işleniler, Euro-5 standarty boýunça A-92 (RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasy çykarylar, 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüriler.
Bu zawodyň gurluşygy $1,7 milliard çemesindäki serişdä düşýär. Ony maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky (JBIC) gatnaşýar.