Şu gün "Kamp Nou-da" möwsümiň ilkinji “El Klasiko” duşuşygy geçiriler

Şu gün "Kamp Nou-da" möwsümiň ilkinji “El Klasiko” duşuşygy geçiriler

Duşuşyk 19:15-de başlaýar. "Barselona" La Liganyň 9-njy tapgyrynda we şu möwsümiň ilkinji "El Klassikosynda" Madridiň "Realyny" kabul eder. Duşuşyk “Kamp Nou” stadionynda geçiriler.

Ronald Kumanyň topary 15 utuk bilen çempionatda 8-nji ýerde barýar. Kataloniýalylar häzire çenli öz meýdançasynda geçiren 5 oýnunyň 4-sinde ýeňiş gazandy. Soňky tapgyrda "Barsa" öz meýdançasynda "Walensiýany" ýeňdi (3:1).

Madridiň "Realy" 17 utuk bilen üçünji ýerde barýar. Soňky tapgyrda Karlo Ançelottiniň topary "Espanýoldan" utulypdy (1:2).

Öňki üç "El Klasiko" duşuşygy madridli klubuň ýeňmegi bilen tamamlandy. "Barselona" Madridiň "Realyny" soňky gezek 2019-njy ýylyň martynda ýeňipdi.

Ýene degişli makalalar

Şu gün 252-nji El Klasiko!
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky daşary ýurt dükanlarynda internet-söwdalary üçin täze bank kartyny işe girizdi, Türkmenistanda 8-nji mart mynasybetli pul sowgatlary gowşurylyp başlandy we beýleki habarlar
Super “Barselona”
Altyň biri aşaky liga düşer
"Barselona" futbol klubynyň stadionynyň birinji sapar adyny üýtgedýärler