Şu gün 252-nji El Klasiko!

Şu gün 252-nji El Klasiko!

Şu gije sagat 01:00-da taryhdaky 252-nji El Klasiko duşuşygy geçiriler. Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň çägindäki duşuşykda ýaryşyň lideri Barselona Kamp Nouda özünden 9 utuk yzda gelýän Realy kabul eder.

Muňa garamazdan, Real häzir ýaryşyň ikinji basgançagynda. Duşuşyk Türkmenistan sport teleýaýlymynda-da efire berler.

Yzda galan duşuşyklarda Real Madrid 101, Barselona 99 gezek ýeňiş gazandy. Şeýle hem 52-si deňlikde tamamlanan duşuşyklarda Real 419, Barselona 413 gol geçirdi.

Şeýle-de bu oýun La Liganyň çäginde ikisiniň arasyndaky 186 duşuşyk bolup, Real 77, Barselona 73 gezek üstün çykdy (35 deňlik). Iki toparyň arasyndaky 1-nji duşuşykda Real Madrid 3-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Ondan soň oýnalan 2 El Klasikoda-da Barselona köne bäsdeşini ýeňmegi başarypdy.

Duşuşykda Barselona ýeňiş gazanan ýagdaýynda, katalonlar aratapawudy 12 utuga çykararlar we çempionlyk ugrunda uly ädim ederler. Real Madrid ýeňiş gazansa, aratapawut 6 utuga düşer we Real çempionlyk üçin täzeden umytlanar.

Duşuşykda Barselonanyň ýyldyzy Pedriniň oýnamajakdygy habar berildi. Şeýle-de Barselona özboluşly köýnekçe bilen meýdança çykar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
255-nji resmi “El Klasiko”
Bellingam bar bolsa…
Şu gün "Kamp Nou-da" möwsümiň ilkinji “El Klasiko” duşuşygy geçiriler
250-nji “El Klasiko”
Real El Klasikoda Barselonadan üstün çykdy