Super Kubogyň super finaly

Super Kubogyň super finaly

Ispaniýanyň Super Kubogy ýaryşynda “Barselonanyň” finaldaky garşydaşy belli boldy. Ýarym finalda geçirilen Madrid derbisinde “Real” şäherdeşi “Atletikony” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Oýnuň 2-nji minutynda uzak aralykdan jerime urgusyny batly uran Federiko Walwerde ajaýyp gol bilen hasaby açdy. 2-nji ýarymda, has takygy 55-nji minutda Rodrigo hasaby 2-0-a ýetirdi. 3 minutdan soň Aleksander Sörlot aratapawudy 1 gola düşürse-de, bu “Atletiko” üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” topary “Barselonanyň” finaldaky garşydaşy boldy.

“Barselona” bilen “Real Madridiň” arasyndaky “El Klasiko” finaly ýekşenbe güni, ýagny 11-nji ýanwarda oýnalar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

Real El Klasikoda Barselonadan üstün çykdy
Soňky 6 oýunda 2-nji ýeňiş
33 oýundan soň gol geçirdi, ýöne ýeňşe peýdasy bolmady
“Leganes” “Barselonany” myhmançylykda ilkinji gezek ýeňdi
Kosta-Rikanyň täze Prezidenti kasam kabul etdi
Kosta-Rikanyň täze prezidenti wezipesine girişdi