Kosta-Rikanyň täze Prezidenti kasam kabul etdi

Kosta-Rikanyň 49-njy Prezidenti Rodrigo Çawez Robles kasam kabul etdi. 60 ýaşly öňki maliýe ministri saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýurduň öňki Prezidenti Hose Mariýa Figeresden öňe saýlanmagy başardy.

Prezidentlige saýlanan Rodrigo Çawes ýurduň mejlisinde kasam kabul edip, wezipesine girişdi.Rodrigo Çawes 2019-2020 ýyllar aralygynda maliýe ministri wezipesini eýeledi.Hose Mariýa Figeres bolsa, 1994-1998-nji ýyllar aralygynda Kosta-Rikanyň Prezidenti boldy.

Prezident wezipesine girişen Rodrigo Çawes ýurduň ykdysady, maliýe we beýleki çökgünlikleriniň öňüni almaga tagalla etjekdigini söz berdi. Kosta-Rikada saýlawlaryň ikinji tapgyry 3-nji aprelde geçirildi. Syýasy çärä saýlawçylaryň 57,33%-i gatnaşdy. Saýlawlarda ýeňiş gazanan Rodrigo Çawez Robles dört ýyllyk möhlet bilen (2022-2026) ýurdy dolandyrar.

Kosta-Rika Respublikasy Merkezi Amerikadaky bir ýurt. Bu ýurt demirgazykda Nikaragua, günorta-gündogarda hem Panama bilen serhetleşýär. Ýurduň günorta-günbatar kenarlaryny Ýuwaş ummany, gündogar kenarlaryny bolsa, Karib deňzi ýuwýar. Ilaty 5 milliondan geçýän Kosta-Rikanyň paýtagty San-Hosedir.

Ýene degişli makalalar

Kosta-Rikada Fernandes öňe saýlanýar
2025-nji ýylyň esasy wakalary
Grinspen: BMG-niň indiki başlygy zenan bolar
2026-njy ýylda syýahat etmek üçin iň gowy 52 ugur
Kosta-Rikanyň täze prezidenti wezipesine girişdi
Ferdinand Markos Filippinleriň Prezidenti boldy