Kosta-Rikanyň täze prezidenti wezipesine girişdi

Kosta-Rikanyň täze prezidenti wezipesine girişdi

Rodrigo Çawes ýekşenbe güni Kosta-Rikanyň prezidenti wezipesine girişdi, ol bu wezipede Karlos Alwaradonyň ornuna geçdi. Dabara respublikanyň parlamentinde geçirilip, oňa dürli ýurtlardan we halkara guramalaryndan 100-e golaý wekiliýet çagyryldy diýip, TASS habar berýär.

Täze prezidentiň koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirini başdan geçiren ykdysadyýetiň ösüşine aýratyn üns bermegine garaşylýar. Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda 5 milliona golaý ilaty bolan ýurtda ýaşaýjylaryň, takmynan, 23%-i garyplygyň serhedinden aňyrda dur, işsizligiň derejesi bolsa 13,5%-den geçýär.

Bilimi boýunça ykdysatçy bolan 60 ýaşly prezident ömrüniň ýarysyny diýen ýaly Bütindünýä bankynda işläp geçirdi. 2019-njy ýylda ol watanyna gaýdyp geldi we güýzüň ahyrynda Alwaradonyň hökümetinde Maliýe ministri boldy. 2020-nji ýylyň maý aýynda bolsa wezipesinden çekildi.

2021-nji ýylyň tomsunda Çawes merkezi “Sosial-demokratik ösüş” partiýasyndan prezident wezipesine hödürlenendigini habar berdi. Şu ýylyň 6-njy fewralynda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda ol “Milli azat ediş” partiýasynyň wekili Hose Figeresden ýeňildi, ýöne 3-nji aprelde 52,86% ses bilen ikinji tapgyrda ýeňiş gazandy.

Kampaniýanyň dowamynda Çawes täze iş orunlaryny döretmäge, goşmaça maýa goýumlary çekmäge, korrupsiýa bilen göreşmäge we sosial çykdajylaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga wada berdi.

Kosta-Rika prezident respublikasy. Döwlet baştutany ministrleri we beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny belleýär, kanunlara gol çekýär we olary gaýtadan garamak üçin bir palataly parlamente yzyna berýär. Prezidentiň ygtyýarlyk möhleti dört ýyl bilen çäklendirilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýa bilen Ispaniýa 1/8 finala çykdy, ýöne tasdanam…
DÇ-2022: Germaniýa toparçalaýyn tapgyrda ýaryşdan çykdy
4 toparyň hem 1/8 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy