Real El Klasikoda Barselonadan üstün çykdy

Real El Klasikoda Barselonadan üstün çykdy

Ispaniýanyň futbol boýunça çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynda Madridiň Realy öz meýdançasynda Barselonany 3:1 hasap bilen ýeňdi. Duşuşyk ýekşenbe güni Santýago Bernabeu stadionynda geçirildi.

Realdan gollary Karim Benzema (12-nji minut), Federiko Walwerde (35) we Rodrigo (90+1, penalti) geçirdi. Barselonadan Ferran Torres (83) tapawutlandy. Real Ispaniýanyň çempionatynda 12 oýun bäri ýeňilmän gelýär. Şeýlelikde Real 25 utuk toplap, Ispaniýanyň çempionatynda birinji orny eýeledi, Barselona bolsa 22 utuk bilen ikinji ýere düşdi.

Ýene degişli makalalar

Super Kubogyň super finaly
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
255-nji resmi “El Klasiko”
Bellingam bar bolsa…
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
“Barselona” rekordyna “Realyň” şärik bolmagyna ygtyýar bermedi