Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Medeniýet - dostluguň ýoly” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda milli medeniýetimiziň belent waspa ýetirilýändigi hakynda gürrüň etmek bilen her ýylda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, Medeniýet hepdeligini geçirilýänligi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler milli medeniýetimizi dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
