Medeniýet hepdeliginde täze türkmen kinolary görkeziler

Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi 2022-niň çäklerinde türkmen kino işgärleriniň täze ekran eserleriniň görkezilişi guralar. Medeniýet öýünde Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň döredijilik topary täze filmleri tomaşaçylara hödürlär hem-de kino işgärleri bilen duşuşyklar, artistleriň kino düşenlerinde ulanan serişdeleridir geýen egin-eşikleriniň sergisi guralar.

Türkmen kinematografiýaçylary şu ýyl doly göwrümli we gysga göwrümli filmleriň birnäçesini surata düşürdiler. Surata düşürmek işleri ýurdumyzyň dürli ýerlerinde geçirildi. Mysal üçin, Sahysalyh Baýramowyň Gyzyl kürte atly filminiň köp bölegi Nohurda, Ýerbentde hem-de Türkmenistanyň beýleki ajaýyp tebigy künjeklerinde surata düşürildi.

Medeniýet hepdeligi 2022-niň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar Wepa Işangulyýewiň Çapar atly täze taryhy kinofilmine hem tomaşa ederler. Filmde XVIII asyryň wakalary suratlandyrylýar.

Batyr Batyrowyň Hajygolak kinofilmi şadessanlar we halk rowaýatlary dünýäsine atarar. Wakalaryň esasynda dutar çalmakda ussatlyga eýe bolan ýaş ýigidiň taryhy beýan edilýär. Režissýor Arslan Eýeberdiýew Istärin kinofilmini beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyraga bagyşlapdyr.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde döwürdeşlerimiz barada hem filmler görkeziler. Annadurdy Täşliýewiň Binýat atly kinofilmi öz taslamalarynyň üstünde yhlasly işleýän ýaş şäher gurluşykçylarynyň durmuşy barada gürrüň berýär. Läle Esenowanyň Owaz atly filmi öý-ojagyň hem-de maşgala gymmatlyklarynyň möhümdigini görkezýär. Myrat Orazowyň Sähra aýdymy atly kinofilminde bolsa türkmen tebigatynyň özüne bendi ediji ajaýyp gözelligi beýan ediler.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Täze filmiň görkezilişi boldy
Deňizden öwser ýeli türkmeniň
'Maý aýyndaky sil adam pidasyna getirdi'