“Medeniýet milletiň buýsanjy, halkyň kalby”

“Medeniýet  milletiň buýsanjy, halkyň kalby”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkarar etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Medeniýetmilletiň buýsanjy, halkyň kalby” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede Parahat ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiligine goýulýan sarpanyň nyşany hökmünde dabarasy dag aşýan toýlaryň bellenilýändigi şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni halkymyzyň köňlüniň senasyna öwrülip, dabaralanyşy bilen ýüreklerde uly orun alan medeniýet halkymyzyň başynyň täji, ýüzüniň tuwagy, kalbynyň senasy bolup ýüreklerde orun alandygy barda giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Medeniýet günlerinde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde şygyrýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulyp, şahyryň egsilmez ruhy hazynasy özünden soňky nesilleri halka, ata Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýedigini belläp geçdiler.Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy we çärä gatnaşan körpeje çagalara türkmen halk ertekileriň birnäçesinden sorag-jogap alyşyldy. Çäräniň ahyrynda Medeniýetiň we sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Kitap ynsan kalbynyň genji-hazynasy
Ak sandygym açyldy, içinden nur saçyldy
Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy bedew batly öňe barýar Diýarym
Akyldar şahyrlar Magtymguly Pyragynyň hem-de Molla Panah Wagifiň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat
MOSKWADA ÝAŇLANAN DOSTLUK OWAZLARY
Kalplary ýakynlaşdyran medeni baýramçylyk