Medeniýet Ýoly Festiwallary 16-njy Sentýabrda Başlaýar

Medeniýet Ýoly Festiwallary 16-njy Sentýabrda Başlaýar

Şu ýyl Medeniýet we syýahatçylyk ministrli tarapyndan Stambulda, Ankarada, Diýarbakyrda, Çanakgalada we Konýada geçiriljek festiwallar geljek ýyl İzmirde we Adanada hem guralar.

Jemgyýetiň ähli gatlaklaryny medeniýet we sungat bilen jebisleşdirjek festiwallarda operadan kino-filme, edebiýatdan tansa, aýdym-sazdan digital sungatlara her bir adamyň gyzyklanýan ugruna görä ençeme çäre guralar.

Festiwallaryň saýasynda Türkiýed medeniýet we sungat arkaly marka öwrüler.

5 welaýatda 15 müňe barabar sungat ussadynyň we 3 müňden gowrak çäre bilen millionlarça adam medeni baýlyklara elýeterli bolarlar.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý festiwal halkynda beren beýanatynda; “Şeýle giň gerimli festiwal dünýäde ýok. Hem ýaş topary hem-de çäreler we guralýan ýerleri taýdan iňňän giň göwrümli” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede ilatyň 85 göterimi internetden peýdalanýar
Aziýanyň çagalary we Yslam raýdaşlygy oýunlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Türkmenistanly türgenler Ýewropa oýunlarynda iki sany altyn medal aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýede VIII asyra degişli ýerasty şäher tapyldy
Türkiýede ýerasty şäheriň üsti açyldy