Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Gresiýanyň Egeýde täze meçew bermesi” söz başyly habarynda, Gresiýanyň geçen ýyl türk howa giňişligini we suw giňişligini jemi 1616 gezek bozup, meçew beriji çemeleşendigini, onuň ýylyň sekiz aýynda 1123-e ýetendigini ýazýar. Türk harby uçarlary 14 wakada 3,372 sekunt radiolokasion gulp arkaly biynjalyk edildi.

“Sabah” gazeti “Boşnýak lider Žaferowiçiň Prezident Erdogan hakyndaky öwgüli sözleri” söz başyly habarynda, Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygy Sefik Žaferowiçiň Prezident R.T.Erdoganyň 6-njy sentýabrda Bosniýa-Gersegowina gurajak resmi saparynyň ähmiýetine ünsi çekip; “Sapar iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň artdyrylmagy taýdan möhüm.

Prezident Erdoganyň Bosniýa-Gersegowina we sebite her guran sapary köşeşdiriji we deňagramlaşdyryjy güýje eýe” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Türk goranyş senagaty Ýewropa ýolagçy” söz başyly habarynda, türk goranyş senagatynda iş alyp barýan firmalaryň Merkezi we Gündogar Ýewropanyň esasy harby sergisi “MSPO 2022-ä” gatnaşjakdygyny ýazýar. Sentýabr aýynyň 6-9-y aralygynda Polşanyň Kiels şäherinde geçiriljek sergä Türkiýe ikinji gezek “lider ýurt” hökmünde gatnaşar.

“Haber Türk” gazeti “Konýada türk taryhyny şöhlelendirjek açyş” söz başyly habarynda, Konýada ýerleşýän taryhy Sawatra şäherindäki gazuw-agtaryş giňişliginde yslamdan ozalky irki döwür türk taryhyna degişli ilkinji “Türk” frazasyna orun berilen runik elipbiýde “Türkogly” ýazylan taryhy eseriň tapylandygyny mälim edýär.

B.e.ozalky 10-11-nji asyrlara degişli eseriň 1071-nji ýyldan ozalam Anadolyda türkleriň bardygyny subut edýän häsýete eýedigi habar berildi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Pamukgalany gelip görýänleriň sany 64 göterim artdy” söz başyly habarynda, ÝUNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawyna degişli bolan Pamukgala 8 aýyň dowamynda gelip görenleriň sanynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 64 göterim artyp, 1,3 million adama barabar bolandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Diwan edebiýatynyň soňky tanymal şahyry kabul edilýän Şeýh Galip
Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýede ilatyň 85 göterimi internetden peýdalanýar
Aziýanyň çagalary we Yslam raýdaşlygy oýunlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Türkmenistanly türgenler Ýewropa oýunlarynda iki sany altyn medal aldy