Medeniýetiň, sungatyňmekanydyr bu Diýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Medeniýetiň, sungatyňmekanydyr bu Diýar ady bilen kitap sergisi we aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz we ýol-ýörelgelerimiz türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup, asyrlaryň dowamynda has berkäp, sünnälenip biziň döwrümize gelip ýetendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý mirasymyzyň düýpli öwrenilmegine, wagyz edilmegine hem-de geljekki nesillerimize ýetirilmegi ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy we gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.

Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

MOSKWADA ÝAŇLANAN DOSTLUK OWAZLARY
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi
Aýdym-saz bilimi: dünýä derejesinde bitewi giňişlige tarap atly forumy
Sergiler, konsertler we sport: Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar
GÜNDOGAR WE GÜNBATAR MEDENI ADATLARYNYŇ TARYHY-GENETIKI ARABAGLANYŞYGY
W.A.MOSARTYŇ 270 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERT