Ýerli çeşmeler we synçylar il içinde Halk maslahatynyň sentýabrda geçiriljek mejlisinde orta atylyp biljek teklipler barada edilýän aladaly gürrüňleriň’ barha köpelýändigini, häkimiýetleriň edilýän çaklamalardan habarlydygyny we propagandanyň 'gowy işlemeýändigini' bilýändiklerini habar berýärler.
Türkmenistanda Halk maslahaty, Ýaşulular geňeşi diýen ýaly guramalar, synçylaryň aýtmaklaryna görä, ýurduň ilkinji prezidenti tarapyndan döredilip, dolandyryjy gatlagyň isleýän syýasatyny halk köpçüliginiň adyndan halka satmak’, şol bir wagtda-da hakyky halk wekilleriniň, aýtmaly sözleri agzyna salynmadyk adamlaryň aýdyp biljek il-ýurt bähbitli pikirlerini bogmak üçin ulanyldy.
Anonimlik şertinde gürleşen synçy soňky günler ýurt içinde edilýän gürrüňleriň esasy temasynyň ýetip gelýän Halk maslahaty bolandygyny, Garaşsyzlyk baýramyna gabat geçirilýän mejlisiň yzygiderli pikir alyşmalara sebäp bolýandygyny aýtdy:
“Bu pikir alyşmalaryň esasy soragy Hökümet pensionerler we ykdysady meseleler boýunça ýaşululara 'öz abraýyny gaçyrjak' haýsy we nähili teklipleri etdirmekçi bolýarka; halkyň ünsüni emele gelen agyr ýagdaýdan 'nädip, näme bilen sowmakçy' bolýarka? - diýen terzdäki soraglar bolup durýar.”
Taýýarlyk 'gizlinräk we berkräk görünýär'Ýerli ýaşaýjylar, hökümete ýakyn çeşmeler bu ýylky Halk maslahatyna taýýarlygyň ozalkylardan "gizlinräk we berkräk görünýändigini" aýtdylar.
"Soňky hepdelerde häkimliklere we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy diýlip, sentýabr aýynda geçiriljek mejlise berk, şol bir wagtda-da örän gizlin taýýarlyk görmek tabşyryldy” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, tabşyrykda gürrüň "halkda närazylyk döretmezlik”, bu meselede “wagyz-nesihat işlerini geçirmek” hakynda barýar.
Türkmenistanda başda ýurt meselelerini halk bilen maslahatlaşmak’ üçin geçirilýändigi aýdylan mejlislerde azat bazar ýörelgelerine ýuwaş-ýuwaşdan, adamlaryň durmuş, ýaşaýyş şertlerini ýaramazlaşdyrman geçmek, ilaty mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berilýän tebigy gaz, elektrik togy, agyz suwy we beýleki hyzmatlar bilen üpjün etmek barada gürrüňler edildi.
Ýöne soňky ýyllarda, ýurtdaky ykdysady çökgünligiň çuňlaşmagy, döwlet serişdeleri bilen bagly korrupsiýa netijesinde, Halk maslahatynyň mejlislerinde ilatyň durmuş goraglylygyna uly zarba uruldy’ we adamlar ýetip gelýän ýygnanyşyga gaty uly alada’ bilen garaşýarlar diýip, synçylar aýdýar.
“Häzirlikçe anyk bir maglumat ýok, ýöne uly çaklamalar bar… Sentýabrda ilat köpçüligi üçin örän möhüm bolan ykdysady we sosial meselelerde hökümeti abraýdan gaçyrýan’ teklipleriň edilmegine garaşylýar” diýip, söhbetdeşimiz adamlaryň geçen ýyl aýlyklaryň 10% köpeldilmezligini soran ýaşulyny ýatlap, ýene akyl-huşa gelmejek teklip’ edilmeginden alada galýandygyny aýtdy.
Hususan-da pensionerleriň pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak we işleýän pensionerleriň pensiýa haklaryny doňdurmak ähtimallygy, bu teklibiň halkyň adyndan’ edilmek ähtimallygy barada köp gürrüň edilýär diýip, synçy belledi.
'Netijesiz dolandyryşyň getirýän biabraýçylygy'Onuň sözlerine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow bir zaman Nyýazowyň ýatyran ýa azaldan pensiýalaryny dikeldip, mugt ýa arzan hyzmatlara ulagly adamlara ýangyç bermegi hem goşup, Halk maslahatyny ýatyryp, il arasynda abraý alan bolsa, indi öz netijesiz dolandyryşy bilen ogluny hem biabraý edýär’.
Aşgabatly syýasy synçy hökümetiň halk içinde edilýän gürrüňlerden, umuman, habarlydygyny aýdýar. Onuň ynanjyna görä, Halk maslahatynda "jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak" teklipleriniň hem orta atylmagy gaty ähtimal.
“Ozalky ýyllarda halk üçin agyr we hökümet üçin abraýsyz bolan çözgütler kabul edilende, meselem, Nyýazow döwründen galan mugt sosial we kommunal ýeňillikler ýatyrylanda ýa-da Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe başlanan aýlyklary, pensiýalary we beýleki kömek pullaryny 10% artdyrmak tejribesinden el çekilende, halky köşeşdirmek üçin’, käbir täzeçillik teklipleri hem orta atylýardy” diýip, synçy orta mekdepleri tamamlaýan oglanlara ÝOJ-lara giriş synaglaryny tabşyrmaga mümkinçilik döretmek üçin, olaryň harby gulluga çagyrylmagyny güýze çenli yza süýşürmek, ilki ýatyrylyp, soňra täzeden dikeldilýän etraplar, Nyýazow döwründe ady üýtgedilen ilatly ýerlere taryhy atlaryny gaýtarmak ýa-da täzeçe at dakmak ýaly oýunlary’ ýatlatdy.
Emma bu gezek, syýasy synçynyň pikiriçe, hökümet ýer-ýurt atlaryny üýtgetmek meselesinde örän seresap bolmaly bolar.
Aýdaly, ozalky Krasnowodsk şäheri köp ýyl bäri Türkmenbaşy adyny göterýär, hökümet oňa gaýtadan Krasnowodsk ýa-da türkmençe Gyzylsuw adyny goýup bilmez, sebäbi halkara deňiz portunyň ady hem Türkmenbaşy adyny göterýär.
Ol ýerdäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ady hem Türkmenbaşy.Ozalky Çärjew, 1999-njy ýyldan bäri Türkmenabat adyny göterýän sebit merkezine hem taryhy adyny gaýtaryp bermek oňaýsyz bolar’ diýip, synçy režimiň bu şäherde ýaşaýan etniki özbekleri we täjikleri döwlet derejesinde türkmenleşdirmekden yza tesmejekdigini’ öňe sürdi.
Mundan başga, Hazar (ozalky Çeleken), Garabogaz (ozalky Bekdaş), Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap (ozalky Oktýabr), Köýtendag (ozalky Çarşaňňy), Magdanly (ozalky Gowurdak), Magtymguly (ozalky Garrygala), Bereket (ozalky Gazanjyk), Görogly (ozalky Tagta) ýaly ilatly ýerleriň atlaryny üýtgetmeklik hem režim üçin oňaýsyz, sebäbi bu şäherleriň atlary eýýäm 1990-njy ýyllarda üýtgedilipdi, olaryň adyny gaýtadan dikeltmek halka dialog we üýtgeşiklik umydyny berer.
Üýtegşiklik umydyny bermek näme üçin howply?Üýtgeşiklik umydyny bermek’, synçynyň öz sözleri bilen aýtsa, tükeniksiz repressiýa sezewar bolmagyna garamazdan, häzirki raýat işjeňliginiň günsaýyn, ýuwaş-ýuwaşdan ýokarlanýan döwründe syýasy taýdan örän howply ädim bolup biler’.
Ministrlikleriň birindäki ygtybarly çeşmäniň sözlerine görä, Halk maslahatynda Konstitusiýa goşmaçalar we düzedişler girizmek arkaly, prezidentiň birnäçe wezipesini Mejlise geçirmek teklip edilse gerek diýen pikir bar.
Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan çaklamalara görä, bu teklip örän seresaplylyk bilen, öňki prezidentiň gyzy Oguljahan Atabaýewany 2028-nji ýyldaky saýlawlaryň yz ýany Mejlisiň başlygy wezipesine getirmek niýeti bilen bagly.
Aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan raýatlar habarçymyza Halk maslahatynda halkyň agyryly meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljagyna ynanmaýandyklaryny’ aýtdylar.
“Halk maslahatynyň mejlisleri döwlet üçin režime abraý getirmejek, halkyň hal-ýagdaýyna uly zarba urjak teklipleri ýaşulularyň adyndan aýtdyrmak, özünden jogapkärçiligi sowmak guraly bolup hyzmat edýär” diýip, bir ýaşuly aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 1990-njy ýyllaryň başynda Ýaşulular geňeşi, Halk maslahaty diýilýän guramalar ýurtda bir adamyň şahsyýet kultuny ösdürmekde möhüm orun eýeledi.
Emma bu günki günde şahsyýet kulty syýasaty adamlaryň ählumumy ýadawlygy we biparhlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar’ we indi, ozalky ýyllardaky ýaly eksentrik we düýpden logika sygmaýan syýasy çözgütleri kabul etmek üçin ulanylman, Halk maslahatynyň mejlisi diňe hökümetiň agyr ykdysady çözgütlerini öňe sürmek üçin ulanylýar diýip, söhbetdeşimiz öz pikirini aýtdy.
Halk "Halk maslahatyndan" näme isleýär?Azatlygyň habarçysy ýasaýjylara Halk maslahatyndan näme isleýärsiňiz, eger Halk maslahatynda birden erkin münber guralyp, öz teklipleriňizi açyk aýdyň diýilse, adamlar näme aýdardylar diýen soragy hem berdi.
Aýry-aýrylykda pikirini aýdan adamlar ilkinji nobatda ýurtda korrupsiýany ýok etmek we erkin hem aç-açan işleýän kazyýet ulgamyny işe girizmek teklibini’ öňe sürdüler.
Walýutanyň erkin söwdasynyň ýola goýulmagy, täze iş orunlaryny döretmek, ilata berilýän pensiýalaryň we aýlyklaryň möçberiniň bazardaky azyk önümleriniň we beýleki durmuş harytlarynyň bahalaryna laýyk gelmegi, Internet, söz azatlygy, zähmet hukuklary, migrasiýa, ulag we aragatnaşyk meseleleri köp agzaldy.
Ýaşaýjylaryň köpüsiniň pikiriçe, Halk maslahatynyň işi adaty raýatlar üçin diňe hökümet halk bilen hiç bolmanda sosial we ykdysady meselelerdäki dialoga taýýar bolanda we syýasy erkinlik bolan ýagdaýynda oňaýly bolup biler.
Şol bir wagtda, söhbetdeşlerimiziň köpüsi Berdimuhamedowlar režiminden umumy halk bähbitli işlere ýa dialoga taýýarlyga garaşmak mümkin däl diýip pikir edýär.
Paýtagtly syýasy synçynyň, şeýle hem ýerli ykdysatçynyň pikirlerine görä, edil häzirki ýagdaý häkimiýetlerde, öňki ýyllara garanyňda, nähilem bolsa bir gorkynyň peýda bolup başlandygyny yşarat edýär.
"Dogrudanam, häkimiýetler Halk maslahatynyň ilat arasynda uly nägilelige getirýändigine örän oňat düşünýärler. Soňky hepdelerde ýurtda etiň we et önümleriniň, azyk harytlarynyň bahalarynyň görnetin ýokarlanmagy hem häkimiýetleriň haýryna däl. Şonuň üçin hem indi bu çäräni ilat arasynda, hususan-da ýaşlaryň arasynda wagyz etmek talap edilýär. Bu häkimiýetleriň halkyň döwlet propagandasyna ynanmaýandygyna göz ýetirip başlandygyny görkezýär" diýip, syýasy synçy aýtdy.
Halk maslahatynda edilmegi mümkin ters teklipler’ baradaky aladalar sosial mediada gönümel, has açyk edilýän nägilelik gürrüňleri bilen utgaşýar.
Maglumat üçin aýdylsa, prezident Serdar Berdimuhamewdowa ýüzlenip çap edilen soňky wideolaryň birinde ýüzi açyk çykyş edýän zenan maşgala onuň tertip-düzgüni we adalaty dikeltmek’ barada aýdan sözleriniň boş çykandygyny aýdýar.
Synçylar bu hili çykyşlaryň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden soň has köpelmeginiň mümkindigini, sebäbi häkimiýetlerde repressiýany güýçlendirmekden başga pikiriň ýokdugyny öňe sürýärler.
Şu aralykda türkmen metbugatynyň Halk maslahatyna görülýän taýýarlyk barada berýän habarlarynda “Halk maslahaty milli demokratiýanyň dabaralanmasy” hökmünde häsiýetlendirilýär.
Azatlyk bu meseleler boýunça resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
