Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa Natalýa German bilen duşuşdy

Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa Natalýa German bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň giň ugurlar, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, energetika, ulag, ekologiýa meselelerini çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýýandygy bellenildi. Bellenilişi ýaly, bu ugurlardaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolmak bilen, ol yzygiderli amala aşyrylyp, anyk netijelere ýetilmegine gönükdirilendir.

Natalýa German Türkmenistanda geçirilýän halkara çärelere, şol sanda Mejlisiň guraýan forumlaryna gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, olaryň ähmiýeti barada belledi.

Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy parahatçylygy pugtalandyrmak, gender deňligini, zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşyklylykda, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda BMG tarapyndan ykrar edilen we ýurduň Konstitusiýasynda berkidilen halkara kadalara ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň degişli konwensiýalarynyň, ylalaşyklarynyň we maksatnamalarynyň düzgünlerine berk eýerýändigi bellenildi.

Soňky bäş ýylyň dowamynda Natalýa Germanyň ýolbaşçylyk eden Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa bu düzümiň wezipeleriniň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine kybap gelýändigini belledi.

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde, ýurduň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna goldaw bermekde Natalýa Germanyň ägirt uly şahsy goşandy bellenildi. Şeýle-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýändigi aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen BMG-niň uzak geljegi nazarlaýan we ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň rowaçlanmagyny baş maksat edinýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi.

***

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde milli parlamentiň ýolbaşçysynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we beýleki zenan ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Aşgabatda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşyk boldy.

Ýene degişli makalalar

Natalýa German Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Natalýa Germany kabul etdi
Aşgabatda Zenanlaryň dialogynyň Jemleýji resminamasy kabul edildi
Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty açyldy
Arkadag şäherinde Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede atly halkara Dialog geçirildi
23-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal