Natalýa German Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

Natalýa German Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

Natalýa German Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmündäki işini tamamlaýar. Ol özüniň syýasy missiýasyny mundan beýläk täze bellenilen wezipesinde — BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesinde dowam etdirer.

Ozal habar berşimiz ýaly, 21-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. 22-nji fewralda bolsa Natalýa Germanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşyklary boldy.

Duşuşyklaryň barşynda soňky ýyllarda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça işiniň üstünlikli dowam edendigi, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi hem-de sebitde anyk maksatnamalary durmuşa geçirmek babatdaky işleriň depgininiň güýçlendirilendigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň orny barada pikir alşylyp, türkmen döwletiniň başlangyçlary esasynda BMG-niň dürli ýyllarda kabul eden Kararnamalarynyň ähmiýeti, Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýandygy nygtaldy.

Bulardan başga-da, köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy başlangyjy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy ýaly mehanizmleriniň döredilendigi we üstünlikli işleýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

22-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde türkmenistanly zenan ýolbaşçylaryň Aşgabatda öz işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen geçirilen duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna ygrarlylyk tassyklanyldy. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň zenanlaryň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde üstünlikli geçiren çärelerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň goldaw we aýratyn üns berendigi uly hoşallyk bilen nygtaldy.

Öz gezeginde, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German ýolbaşçylyk eden diplomatik wekilhanasynyň işine 5 ýylyň dowamynda goldaw berendikleri hem-de köpugurly hyzmatdaşlyga döredilen şertler üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine, onuň abraýynyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw beriljekdigi nygtaldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German merkeziň bäş ýylyň dowamynda geçiren işleriniň jemlerine gysgaça syn berdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty açyldy
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Natalýa Germany kabul etdi
Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa Natalýa German bilen duşuşdy
Aşgabatda Zenanlaryň dialogynyň Jemleýji resminamasy kabul edildi
23-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär